Ispaniýanyň belli neşirlerinden “El Mundo” gazeti “Barselonanyň” super ýyldyzy Lionel Messiniň häzirki şertnamasyny jikme-jik seljerdi. 2017-nji ýylyň 25-nji noýabrynda baglaşylan şertnama şu ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanýar. Şertnama görä, Lionel Messi katalonlardan gündelik 386 müň ýewro hak alýar. Gazet tarapyndan “Barçany parçalaýan ägirt şertnama” diýlip berlen habarda Messiniň 4 möwsüm boýunça umumy alýan hakynyň mukdary 555 million 237 müň 619 ýewro deňdir. Bu gazanja Messiniň premiýa, goşmaça haklar, abraý haklary ýaly ähli girdejiler hem degişlidir. Şertnama görä, Messiniň geljekdäki ýagdaýy bilenem baglanyşykly iki madda bolup, eger-de şertnamanyň möhleti uzaldylsa, onda topar argentinaly futbolça ýyllyk 115 million 225 müň ýewro hem-de kluba wepalylygy sebäpli goşmaça 77 million 929 müň 955 ýewro berer. Şertnamanyň jikme-jik maddalarynyň ýüze çykarylmagyndan soň “Barselona” toparynyň ýolbaşçylary we Lionel Messi “El Mundo” gazetine özleriniň nägileliklerini bildirip, gazetiň taýýarlan bu habary bilen baglanyşykly hukuky işlere ýüz tutulandygyny habar berdiler.