Häzirki wagtda uçar we awtoulag önümçiligini bilen meşgullanýan kompaniýalaryň onlarçasy dronlary we uçýan taksileri işläp taýýarlaýar. Käbir iri şäherlerde kiçi göwrümli ýükleri dronlar arkaly daşamak ýola goýuldy. Käbir şäherde bolsa uçýan taksiler synag maksady bilen barlanyp görülýär. Angliýanyň Kowentri şäherinde uçýan awtoulaglar üçin howa porty gurulýar. “Urban Air Port” şereketiniň “Hyundai Motors” bilen bilelikde işläp taýýarlan taslamasynyň esasynda gurulýan desga şu ýylyň noýabrynda açylar. Elektrik energiýasy bilen işleýän awtonom ulaglara hyzmat etjek desganyň çäginde dronlar we howa ulaglary üçin ýörite meýdança bolar. Şäher merkezinde guruljak desga bu ugurda dolulygyna işlejek ilkinji port bolar.
Aýlar Akyýewa,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.