Neapol aýlagynda ýerleşýän Proçida adasy 2022-nji ýyl üçin Italiýanyň Medeniýet paýtagty diýlip saýlandy. Italiýanyň Medeni miras we syýahatçylyk ministri Dario Fraçeskini Proçida adasynyň 10 dalaşgäriň arasyndan saýlanandygyny habar berdi. Adanyň ýolbaşçylary “la cultura non Isola” (medeniýet izolirlemez) diýen şygar bilen Proçida adasyny dalaşgärlige hödürläpdi. Medeniýet paýtagty komisiýasy bu habary: “Proiçadanyň liriki şygary adanyň medeniýete garaýyşyny kesgitleýär. Hemmämiz üçin, ýurdumyz üçin ýagşy arzuw” diýen setirler bilen äşgär etdi.
Kiçijik ada özüniň reňkli binalary bilen görenleri haýran galdyrýar. 10 müňden gowrak ilatyň ýaşaýan ýeriniň tutýan meýdany 4,1 inedördül kilometre deňdir. Miladydan öň 15-nji asyrda düýbi tutulan ada özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.
Italiýada 2020-2021-nji ýyllar üçin Parma şäheri ýurduň Medeniýet paýtagty saýlanypdy. Proçida ýurduň Medeniýet paýtagty bolmak gezegini 2023-nji ýylda Bergamo bilen Breşiýa şäherlerine geçirer.