Aýna ýönekeý maddadygyna garamazdan, aňyrsynyň görünmegi bilen beýleki maddalardan tapawutlanýar. Ony ýasamak üçin Ýer ýüzüniň ähli ýerinde diýen ýaly bar bolan çäge, kwars we aşgar ýeterlik. Emma aýnanyň esasy haýran galdyryjy tarapy onuň gurluşynyň suwuk maddalara meňzeýänligidir. Onuň atom gurluşynyň hatary suwuk maddalardaky ýaly sazlaşyksyz ýerleşendir. Gaty maddalaryň atom gurluşynda bolsa, belli bir sazlaşyk bolýar. Ýagny ol belli bir ýerden soňra gaýtalanýar. Çüýşede bolsa, bu häsiýet bolmaýar. Diýseň takyk mikroskoplar bilen geçirilen barlaglarda hem aýnanyň gurluşynda hiç hili hrustalyň ýokdugy anyklandy. Aýna dury bolanlygy üçin onuň içinden geçýän şöhle hem döwülmeýär. Şol sebäpli biz onuň aňyrsyny bolşy ýaly görüp bilýäris. Aýna-da, suw-da dury bolansoň, aňyrsy görünýär. Eýsem, doňan suw hasaplanýan gar näme üçin dury däl? Haýsydyr bir jisime düşen yşygyň hemmesini yza serpikdireninde ak, hemmesini özüne çekeninde bolsa, gara reňkli bolýandygy mälimdir. Aýnanyň durudygyna garamazdan, bölek-büçek bolan maýdaja aýnalaryň üýşmegi ak reňkli bolup görünýär. Sebäbi her aýna bölejigi şöhläni başga tarapa geçirýär. Gar hem bölejiklerden ybarat bolansoň, her bölejik şöhläni başga tarapa serpikdirýär. Şol sebäpli, gar ap-ak bolup görünýär. Buz hem şeýle bolýar. Bir bölek buzuň aňyrsy görünýän hem bolsa, bölejik buzlary bir gaba salanymyzda, ol ak bolup görünýär.