On ýaşymyň dolmagyna az wagt galypdy. Iki belgili ýaşa gadam basýardym. Men ajaýyp doglan güni bellemegi ýüregime düwdüm. Öý işi depderimiň soňky sahypasynda ýygnan çakylyklarym ýakyn birnäçe dostlarymyň ady bilen başlanýardy. Ýöne doglan günüm golaýladygyça çakylykdaky ýedi gyzyň sany on ýedä ýetdi. Toparymdaky hemme gyzlary doglan günüme çagyrmagy ýüregime düwdüm. Olaryň hemmesi-de şol gije bize ýatymlyk gelmelidiler. Hemmeleriň çakylygy kabul etmegi bolsa, meni has-da begendiripdi. Ol gije biri-birimize gorkuly ertekileri aýdyşmalydyk, üýşüp pizza iýmelidik, şeýle-de men birtopar sowgatlar almalydym. Berlen sowgatlaryň içinde biriniň meniň üçin örän uly ähmiýetiniň bardygyny men soň-soňlar bilip galdym.
Myhman jaýymyz jagylda-juguldy. Gülşüp-degişýärdik. Öýüň içi-de gaýda-gaýmalaşykdy. Gapy kakylanda “Twister-1” oýnuny tamamlap, “Limbo-2” oýnar ýaly ýer taýynlaýardyk. Gapyny ejem açdy. Iň ýakyn joralarymyň ýanymda bolany üçin kimiň gelenine ünsem bermedim.
Ejem:
– Judy, bir minut gelsene? – diýip gygyrdy.
Nägilelik bildirip, gapa ýöneldim. “Şeýle ajaýyp pursatda meni birahat etmäge kim het edip bildikä? Eý-ho, meşhur bolmagam aňsat zat däl eken” diýip gapa golaý bardym.
Dälizden öwrülenimde, gapynyň öňünde garaşyp durany görüp, çym gyzyl boldum. Ol ýerde saz sapagynda gapdalymda oturýan ýuwaş, ýumşak häsiýetli Sarah Westli durdy. Elinde-de sowgat bardy.
Kelläme öý işi depderimiň yzynda bellän atlarym geldi. Ýogsa-da, men nädip Sarahy ýatdan çykardymkam?
Eýsem-de bolsa, men diňe özüm bilen gyzyklanýan adamlaryň atlaryny çakylyga goşanym hakydama geldi. Sarah bolsa, hiç wagtam meniň bilen gyzyklanmandy. Ýagny doglan günüm barada menden hiç zat soramandy. Günortanky arakesmede üýşüp naharlanýan wagtlarymyz bize kän bir goşulmaýardy. Ýöne bir gezek tebigy bilimler üçin taýýarlan taslamamy synpa äkidenimde torbamy göterişipdi.
Ýalňyşmasam, doglan güne çagyrtjak bolup alada galmandygy üçin, ony çakylyga goşmagy unudypdyryn. Sowgadymy aldym-da, ony içerik çagyrdym. Ol bolsa, ýere seredip:
– Girip oturmaýyn, maşynda maňa kakam garaşýar – diýdi.
– Bäş minutjygam bolsa, giräý-dä! – diýip ýalbardym. Ony ýadymdan çykaranyma gaty utandym we öýe girip beýlekilere goşulmagyny isledim.
– Minnetdar, ýöne, çyndanam men gitmeli – diýip, gapa tarap ýöneldi.
– Duşenbe güni duşuşarys – diýdi-de, çykyp gitdi.
Sarahyň getiren sowgady bilen onuň yzyndan seredip galdym. Özümi uly bir gorpa gaçan ýaly duýdum.
Sowgadyny bolsa, oturylyşykdan, oýunlardan, pizzalardan, gorkuly hekaýatlardan we horruldylardan birnäçe wagt geçenden soň açmaga gurbatym çatdy.
Ahyram sowgady açdym. Içinden guýrujagy dikgerip duran owadanja pişik çykdy. Pişikleri kän bir halamaýanam bolsam, meniň üçin ol günki alan sowgatlarymyň içinde iň gowusy şoldy. Soň-soňlar pişijegimiň Sarahyň öz pişigi Seýmoura meňzeýändigi hakdaky pikir aňymda aýlandy durdy.
Şol wagtlar düşünmesem-de, indi düşünýärin. Sarah örän wepaly dostdy. Beýleki gyzlaryň meni ýalňyz goýýan pursatlarynda, Sarah elmydama meniň ýanymdady. Ol hemişe maňa goltgy bererdi. Ol maňa düşünýän, güýç-kuwwat berýän, şeýle-de meni ýüregi bilen söýýän ýeke-täk joramdy.
Sarahy oturylyşyga çagyrmandygym üçin heniz-henizlerem örtenýärin. Ýöne käwagt pikirlenýän welin, megerem, onuň hakyky dostdugyny duýmagym üçin, doglan günüme çagyrmagy unudandyryn.
Judit Börnet Şneider
Terjime eden
Zübeýda Amandurdyýewa,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.