Birnäçe tehnologiýa kompaniýalaryna eýeçilik edýän “Alphabet” geçen ýylyň soňky çärýeginde 56,9 milliard dollar girdeji gazandy. Degişli döwürde kompaniýanyň arassa peýdasy 15,2 milliard dollara ýetdi. Kompaniýanyň 2020-nji ýylyň dowamyndaky girdejisi bolsa, ozalky ýyla garanyňda 12,8 göterim köpelip, 182,5 milliard dollara ýetdi. 2019-njy ýylyň dördünji çärýeginde her paýnama üçin 15,35 dollar bolan peýdasy bolsa, geçen ýylyň soňky çärýeginde 22,30 dollara ýetdi. 2020-nji ýylda önümçilik pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryň köpüsiniň girdejisi azalan hem bolsa, hyzmatlar pudagynda işleýän kompaniýalar has ýokary ösüş gazandy.