Arheologlar kitap neşir etmek üçin metaldan edilen ýygym harplaryny ilkinji bolup, Koreýanyň ulanandygyna aýdyň tassyklamany tapdylar. Koreýanyň çäklerinde geçirilen häzirki gazuw-agtaryş işleri garaşylýan netijäni berdi. Keson şäherinde patyşanyň köşgünden uzak bolmadyk ýerde X-XIV asyrlarda ýurduň paýtagty ýerleşip, ol ýerden bürünçden edilen birnäçe liter ýüze çykaryldy we olaryň neşirleri ýygnamakda ulanylandygy belli boldy. Şeýlelikde, ilkinji çapçylaryň nirede döränligi baradaky rowaýat koreýalylaryň peýdasyna çözüldi. Görüp otursalar, koreýalylar çap ugrundan beýlekiler bilen deňeşdireniňde, 300 ýyl öňde barýan eken.
Bu açyşa iki Koreýada hem buýsanç bilen garadylar. Koreýada bu del tapyndyny paýtagtyň taryhy muzeýinde goýmagy meýilleşdirýärler. Bu ýerde eýýäm, şol mowzukdaky esbaplar – ieroglifli bürünç plastinkalar, şeýle hem, bu gadymy tehnologiýanyň ýardamy bilen çap edilen tekstleriň birnäçe parçasy saklanýar.