Adamzat geçen asyryň ortalaryndan bäri kosmosa dürli ululykdaky enjamlary iberýär. “SpaceX” kompaniýasy bolsa “Starlink” atly taslamanyň çäklerinde Ýer ýüzüniň ähli ýerini emeli hemralar arkaly hödürlenýän internet bilen üpjün etmegi maksat edinýär. Bu maksatnamany durmuşa geçirmek üçin bolsa, iki ýyldan bäri her gezekde 60 emeli hemrany äkidýän raketalar uçurylýar. Şu ýylyň başynda “Starlink” hemralarynyň sany müňe golaýlapdy. Şu hepdäniň dowamynda bolsa ýene bir uçuşyň amala aşyrylmagy maksat edinilýär. Şeýlelikde kosmos giňişliginde işjeň ýagdaýda hereket edýän emeli hemralaryň dörtden birinden gowragy (27,3 göterim) “SpaceX” kompaniýasyna degişli bolar. Kompaniýa häzirki ýaly ýygylykda emeli hemra uçurmagyny dowam etdirer. Şeýlelikde, öňümizdäki ýylda kosmosda hereket edýän emeli hemralaryň ýarysy bu kompaniýa degişli bolar. Mukdar babatda şeýle bolsa-da, internet paýlamagy niýetlenen hemralar has kiçi. “SpaceX” kompaniýasy bu taslamasyny durmuşa geçirmek üçin özüniň raketalaryny ulanýar. Soňky wagtlarda kompaniýanyň işläp taýýarlan raketalary Halkara kosmos bekedine ýükleri we kosmonawtlary gatnatmak üçin hem ulanylyp başlandy. Mundan başga-da kompaniýa kosmos syýahatçylygyny amala aşyrýan firmalar bilen hem hyzmatdaşlyk edýär. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde adaty raýatlar kosmos giňişligine gysga wagtlyk äkidiler. “Starlink” internetiniň tizliginiň 150 Mb/sekunt boljakdygy bellenilýär. Aýlyk 99 dollar tölegi boljak bu hyzmatyň wagtyň geçmegi bilen arzanladyljakdygy bellenilýär.