Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow Ulukbek Maripowy ýurduň premýer-ministri wezipesine bellemek baradaky karara gol çekdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezident edarasynyň maglumat syýasaty bölüminiň beren beýanynda mälim edilýär.
Şeýle hem Sadyr Japarow ýurduň hökümet agzalaryny bellemek baradaky karara gol çekdi. Şeýlelik bilen Ulukbek Karmyşakow ykdysadyýet we maliýe ministri, Ruslan Kazakbaýew daşary işler ministri wezipesine bellendi. Taalaýbek Omuraliýew täze Goranmak ministri, Ulan Niýazbekow bolsa içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy boldy.
Gyrgyzystanda nobatdan daşary Prezident saýlawy 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirildi. Şol saýlawlarda birnäçe dalaşgär gatnaşyp, Sadyr Japarow saýlawlaryň birinji tapgyrynda sesleriň 79,84 göterimi bilen ýeňiş gazandy.