Londonyň milli galereýasyndaky meşhur suratkeş Jon Teýloryň 1610-njy ýylda elinden çykan Şekspiriň belli suratyny abatlamak hakda karara geldiler. Şeýle bolsa-da, ähli seneler häzirlikçe diňe çaklamalygynda galýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, bu portret geçen ýüzýyllykda özüniň hakyky görnüşini ýitirip başlapdyr. Portret ussat hünärmenleriň gözegçiligi astynda bolsa-da, reňkleri ýagtylygyň täsiri bilen belli bir derejede solup başlapdyr. Hut şu sebäpli hem portretiň abatlanylmagy zerur bolup, ol, çen bilen, bir ýyla çeker diýlip garaşylýar.
Bilermenleriň nukdaýnazaryndan, geçen asyrlaryň dowamynda kendir matanyň ýüzüne çekilen suratyň reňkleri az-owlak öçüp başlapdyr. Portretiň abatlanmagy netijesinde, Şekspiriň sakalynyň aýrylmagy we saçlarynyň güreldilmegi mümkindir. Häzir bilermenler we abatlaýjylar uly barlag işlerini geçirip, dramaturgyň hakyky ýüz-keşbine has-da golaýlaşmagy maksat edinýärler. Eýsem, bu işden netije bolarmy? Suraty täzeleýjiler bu iş tamamlanandan soň, dramaturgyň döredijiliginiň ähli muşdaklary we şekspirşynaslar üçin garaşylmadyk täzelikler boljakdygyny aradan aýyrmaýarlar. Esasan hem, Şekspir dünýä sakalsyz görkeziler we ony tanamak aňsat bolmaz.