2023-nji ýyldan 2031-nji ýyla çenli amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän täze gazak elipbiýinde 31 harp bolar. Şeýlelik bilen, ýurduň häkimiýetleri gazak diliniň ösmegine itergi bermegi we onuň öwrenilmegini aňsatlaşdyrmagy maksat edinýär. 31 harpy öz içine alýan gazak elipbiýiniň täzelenen görnüşi Gazagystanyň elipbiýi boýunça Milli komissiýasyna hödürlendi. Täze elipbiý Ahmet Baýtursunow adyndaky Lingwistika institutynda işlenip düzüldi. Awtorlarynyň biri Erbol Tleşow latyn elipbiýi gazak dilini öwrenmegi ep-esli ýeňilleşdirer diýip hasaplaýar.
– 6-7 ýaşly kiçi çaga mekdebe gatnap, iki aýyň dowamynda 42 sany harp öwrenýär. Täze elipbiýde 31 harpyň bardygy göz öňünde tutulsa, ulular hem gysga wagtyň içinde täze elipbiýi öwrenip bilerler. Şonuň üçin täze elipbiýi öwrenmek gazagystanlylar üçin onçakly kyn bolmaz diýip pikir edýärin – diýip, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Erbol Tleşow aýtdy.
Premýer-ministr Askar Maminiň ýolbaşçylygynda geçirilen Milli komissiýanyň mejlisinde filologlaryň pikirleri makullandy. Elipbiýiň kämilleşdirilen görnüşi gazak diliniň ösmegine täze itergi berer we häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda, döwrebaplaşdyrylmagyna goşant goşar. Şeýle hem, medeniýet we sport ministri Aktoty Raimkulowa, sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministri Bagdat Musin, bilim we ylym ministri Ashat Aýmagambetow alymlaryň alyp barýan işlerine ýokary baha berdiler.
Gazagystan 1940-njy ýyldan bäri kirillisa ulanýar. Täze elipbiý gazak diliniň ýazuw düzgünine berkidilen «Bir ses – bir harp» ýörelgesine laýyk gelýär. 2017-nji ýylda tassyklanan täze elipbiýe tapgyrlaýyn geçiş 2023-nji ýyldan 2031-nji ýyla çenli meýilleşdirilýär.