ABŞ-nyň Massaçusets tehnologiýa institutynyň hünärmenleri öz energiýasynyň hasabyna hereket edýän roboty döretdiler. Täze oýlap tapyş pružine çalym edýär. Robot döredilende ýyrtyjy ösümlik hasaplanylýan wenera siňektutary atly ösümlikden (“Dioneýa”) nusga alyndy. Bu ösümlik elektrik ýa-da ýangyç energiýa çeşmesi bolmazdan hereket edip bilýän ýörelgä eýerýär. Robotyň özi basgançakdan çykyp bilýär. Robotyň hereketi daşky gurşaw bilen täsirleşende impuls döredýän materialyň hasabyna amala aşyrylýar. Bu açyş geljekde batareýa ýerleşdirmek kyn ýa-da mümkin bolmadyk kiçi enjamlary döretmekde giňden ulanylyp bilner.