Hytaýda emeli ýagdaýda ýagyş ýagdyrmagyň täze usuly synagdan geçirildi. Ýurduň Tibet sebitinde ýagynyň mukdaryny artdyrmak üçin ses tolkunlaryndan peýdalandylar. Belent düzlügiň dürli ýerlerine ýerleşdirilen enjamlar arkaly pes tolkunly güýçli sesler ýaýradyldy. Ses tolkunlary howadaky ownuk suw zerrejiklerini çişirip, ýagyş ýagmagyna sebäp boldy. Hünärmenler bu enjamlaryň geçen ýyl ýerleşdirilendigini we sebitde ýagynyň mukdarynyň artandygyny belleýärler. Tsinghua uniwersitetiniň hünärmenleri bu usul arkaly ýagynly günleriň köpelendigini we 17 göterim has köp ýagyş ýagandygyny aýdýarlar. Ýagyş ýa-da gar ýagdyrmak üçin ozaldan bäri dürli usullardan peýdalanylýar. Öňki usullarda belli bir belentlige himiki elementler sepilýär. Bu bolsa, ýagynyň has ir ýagmagyna getirýär. Hytaýda synagdan geçirilen usul bolsa, arzan hem-de tebigata zyýansyzlygy bilen tapawutlanýar.