Ýewropanyň merkezi banky (ECB) 2021-nji ýylda ýewro zolagy ýurtlarynyň jemi içerki önüminiň 4% ösjekdigini çaklaýar. Şeýle-de bolsa, guramanyň başlygy Kristin Lagard 2022-nji ýylyň ortalaryna çenli ykdysady işjeňligiň iň ýokary derejesiniň gaýdyp gelmegine garaşylmaly däldigini aýtdy.
– Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlardan zyýan çeken Ýewropa Bileleşiginiň ykdysadyýetiniň täzeden galkynmagyna 2021-nji ýylyň ortalarynda garaşylýar – diýip, Ýewropanyň merkezi bankynyň başlygy Kristin Lagard aýtdy.
Kristin Lagard mundan ozal Bütindünýä ykdysady forumynda Ýewropanyň merkezi bankynyň ýewro zolagyň ykdysadyýetiniň 2021-nji ýyldaky ykdysady çökgünlikleri ýeňip geçmegine umyt edýändigini aýtdy.
– Biz 2021-nji ýylyň ykdysady taýdan dikeldiş ýyly boljakdygyna ynanýarys. Häzirki wagtda ykdysady taýdan dikeldişde belli bir derejede öňegidişlikler göze ilýär. Biz has oňat netijeleriň boljakdygyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Näbellilik aradan aýrylmasa-da, ýylyň ortalarynda ykdysady ösüşe garaşylýar. Biz her niçikde bolsa, 2022-nji ýylyň ortalaryna çenli dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlardan öňki ykdysady işjeňligimize dolanyp bilmeýäris – diýip, Kristin Lagard «Journal du Dimanche» žurnaly bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Ýewropanyň merkezi bankynyň başlygy 2021-nji ýylda jemi içerki önümiň ýyllyk ösüşiniň 4% töweregi bolmagyna garaşylýandygyny, ýöne 2020-nji ýylda ýewro zolakdaky jemi içerki önümiň 6,8% aşaklamagy bilen deňeşdirilende ep-esli ýokary boljakdygyny aýtdy.
– Hemme zat sanjym syýasatyna we sanjym kampaniýalarynyň gidişine, şeýle hem häkimiýetleriň saglygy goraýyşdaky wakalara jogap hökmünde berjaý etjek ykdysady çärelerine bagly bolar – diýip, Ýewropanyň merkezi bankynyň başlygy Kristin Lagard aýtdy.
Kristin Lagard geçen ýylyň dekabrynda Ýewropanyň merkezi bankynyň walýuta bileleşiginiň jemi içerki önüminiň 2021-nji ýylda 3,9%, 2022-nji ýylda 4,2% we 2023-nji ýylda 2,1% ýokarlanmagyna garaşylýandygyny aýdypdy.