Global bazarda “Brent” söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 2020-nji ýylyň 29-njy ýanwaryndan bäri ilkinji gezek 60 dollardan ýokary geçdi. Nebitiň bu görnüşiniň bahasy 0,77% ýokarlanyp, 60,01 dollara, WTI (West Texas Intermediate) görnüşiniň bahasy 1,18% ýokarlanyp, 57,53 dollara deň boldy. Dünýädäki ykdysady ýagdaýyň durnuklylaşmagy we dürli ýurtlar tarapyndan koronawirusa garşy sanjymlaryň ýuwaş-ýuwaşdan bellige alynmagy «gara altynyň» bahasynyň ýokarlanmagyna getirýär. Şeýle hem OPEK+ ýurtlarynyň nebit çykarmagy azaltmak baradaky şertnamalary ýerine ýetirmegi hem muňa çynlakaý goldaw berýär. Ýeri gelende bellesek, nebiti eksport edýän ýurtlaryň özara şertnamalarynyň çäklerinde käbir ýurtlar şu aýynda başynda önümçiligini belli bir derejede azaltdylar.