Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, bazar gatnaşyklaryny kemala getirmäge uly ähmiýet berilýär. Şonuň esasynda hem döwlete dahylly däl pudagyň, ýagny hususy pudagyň işiniň ilerledilmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek babatdaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda daşary ýurtlaryň önümleri bilen bäsleşip biljek dürli görnüşli hem-de eksport ugurly önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Şeýlelikde, hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizdäki paýy 70 göterime barabar boldy. Bu görkezijini geljekde has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge ýardam etmäge, häzirki zaman telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmäge ugrukdyrylan iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi. Häzirki wagtda guramanyň agzalarynyň sany 23 müňden gowrakdyr, hususy kärhanalarda we telekeçilik işiniň dürli pudaklarynda bolsa müňlerçe adam zähmet çekýär.
Birleşmäniň agzalary dürli pudaklary ösdürmäge, içerki we daşarky bazarda ýokary bäsdeşlige ukyby bolan önümleri öndürmek boýunça innowasion önümçilikleri döretmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar täjirçilik, jemgyýetçilik iýmiti, oba hojalygy, azyk, dokma senagaty, tikinçilik ýaly pudaklarda, mebel, aýakgap önümçiligi ýaly ugurlarda yhlasly zähmet çekýärler. Hususy pudagyň wekilleri bilim, bedenterbiýe we sport ugurlary boýunça hem uly işleri alyp barýarlar, mahabat we neşirýat hyzmatlaryny amala aşyrýarlar.
Geçen 2020-nji ýylda milli ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň ösüşiniň görkezijilerini nazara alanyňda, senagat önümleriniň önümçiliginiň möçberiniň 103,5 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň 134 göterim ýokarlanandygyny görmek bolýar. Senagat harytlarynyň we azyk önümleriniň daşary ýurtlara eksportynyň möçberi artdy.
«2019-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna» laýyklykda birleşmäniň agzalary sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri amala aşyrýarlar. Şeýlelikde, söwda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan hususy kärhanalar internet söwdanyň gerimini giňeldýärler, mobil elektron programmalary döredýärler, şeýle hem öndürilýän harytlaryň menzilara ýerlenilmegi üçin meşhur internet meýdançalaryň mümkinçiliklerini giňden ulanýarlar.
Ýurtda amala aşyrylýan maksatnamalaryň çäklerinde 2020-nji ýylda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 44 sanysynyň gurluşygy tamamlandy, birnäçe önümçilikler ýola goýuldy. Kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň döwlet maksatnamasynyň esasynda ýurdumyzda oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň yzygiderli ýokarlandyrylmagy gazanylýar. Bu bolsa öz gezeginde azyk bolçulygyny üpjün edip, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrýar.
Azyk we oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň 2021-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 88 sany taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Ol hem milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyna, onuň senagat we eksport mümkinçilikleriniň ösdürilmegine önjeýli goşant goşar.
Mährijemal GURBANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.