11-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz ýakynda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary bilen iş maslahatlarynyň geçirilendigini aýtdy. Şol maslahatlarda geçen ýylda edilen işleriň netijeleri düýpli we jikme-jik seljerildi hem-de ýol berlen kemçilikleri düzetmek boýunça guramaçylyk çäreleri bellenildi.
Milli Liderimiz şu gün ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna, şeýle hem käbir beýleki meselelere garaljakdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz, umuman, kanagatly netijeleriň gazanylandygyny aýdyp, işde heniz köp sanly çözülmedik meseleleriň bardygyny belledi. Şol meseleleriň üstünde netijeli işleri alyp barmak zerurdyr. Şu maksat bilen, döwlet maksatnamalary kabul edildi we degişli wezipeler kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Milli Geňeşi döretmekden, pudaklary senagatlaşdyrmakdan, ylym-bilim ulgamlaryna, oba hojalyk, nebitgaz toplumlaryna, hukuk goraýjy edaralara we beýleki pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmakdan başlap, uly syýasy we ykdysady özgertmeler geçirilýär. Bu özgertmeleriň maksady ykdysadyýetimizi hil taýdan täze ýagdaýa geçirmekden, demokratik, dünýewi, hukuk döwleti hökmünde Türkmenistany bazar ykdysadyýetine durmuş taýdan gönükdirilen döwlet hökmünde ösdürmekden, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz döwlet dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Hökümetiň işini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýene-de bir orunbasarynyň wezipesini girizmek, ony Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalygyna hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy.
Täze wise-premýeriň wezipesi döwlet we jemgyýetçilik gurluşynda, bilim hem-de saglygy goraýyş, maliýe-ykdysady ulgamlarda sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary doly derejede ösdürmegi hem-de bu işlere gözegçiligi üpjün etmekden ybaratdyr.
Döwlet Baştutanymyz bu ulgamlary ykdysadyýetiň önümçilik we dolandyryş ulgamlaryna hem-de jemgyýetçilik durmuşyna ornaşdyrmagyň wajypdygy barada aýdyp, gurluşyk pudagyny mysal getirdi. Bu pudakda köp sanly meseleler we kemçilikler bar. Ýöne bu kemçilikleri düzetmek boýunça hiç hili özgertmeler geçirilmeýär.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häzirki döwürde Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň binýadynda gurluşyklar boýunça ýeke-täk buýrujynyň gullugyny döretmek bilen, olaryň köpüsini çözüp boljakdygyny, beýleki ministrlikleri we pudak edaralaryny wezipesine mahsus bolmadyk işlerden boşadyp boljakdygyny aýtdy.
Gurluşyk pudagynda ýeke-täk döwlet buýrujysynyň döredilmegi, Döwlet býujetiniň düýpli maýa goýumlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Bu edara döwlet buýrujysynyň we desgalary gurujynyň wezipesini ýerine ýetirer. Şeýle hem gönüden-göni ýa-da beýleki taraplary çekmek bilen, tehniki buýrujynyň we gurluşyga gözegçiniň işini berjaý eder.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna gözegçilik etmek, bu işe ýardam bermek zerurdyr. Hökümetiň kömek bermegini we gözegçilik etmegini talap edýän ýene-de çözülmeli köp meseleler bar. Şonuň üçin hem milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýene-de bir orunbasarynyň wezipesiniň girizilmeginiň häzirki döwürde döwletimiziň öňünde duran şol ägirt uly wezipeleri çözmäge kömek etjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy wezipelerine Serdar Berdimuhamedowy belläp, ony senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz täze wise-premýeriň esasy işiniň önümçiligiň ähli pudaklarynda, dolandyryşda we jemgyýetiň durmuşynda sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary doly ösdürmegi hem-de ornaşdyrmagy üpjün etmekden ybaratdygyny aýdyp, oňa jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.