Adamlar her gün işe, öýe ýa-da işi çykyp paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolundan geçenlerinde olaryň ünsüni bir heýkel özüne çekýär. Ol Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar Magtymguly Pyragynyň belent ýadygärligi. Bu ýadygärligiň özboluşly taryhy bar. 1960-njy ýylda beýik şahyryň ýadygärligini döretmek üçin arhitektorlardyr heýkeltaraşlaryň arasynda bäsleşik yglan edilýär. Bäsleşige onlarça sungat ussady gatnaşýar. Bäsleşikde arhitektorlar W.N.Wysotiniň, W.G.Kutumowyň hem-de heýkeltaraş W.G.Popowyň işi kabul edilip, olaryň yhlasly zähmeti netijesinde dörän Magtymguly Pyragynyň heýkeli 1971-nji ýylda Aşgabadyň iň gözel ýerinde –  häzirki Magtymguly şaýolunyň ugrunda şahyra bagyşlanan memorial ansambl açylýar.

Bagyň içinde, howzuň ortasynda üýşürilen daşlaryň üstünde oturan şahyryň gabarasy töwerege nur çaýýar. Talaba laýyk meýilleşdirilen bagyň ösgün ösümlikleri, howzuň aýna ýaly tekiz dury ýüzi, suwuň ýüzüne çykyp duran daşlar  sintetik ansambly emele getirýär. Magtymgulynyň salyhatly, oýa çümüp oturan gabarasynyň şekili howzuň suwuna düşüp, kompozisiýasy boýunça tutuş töwerek ansamblynyň umumy täsirini güýçlendirýär.

Bu täsirli heýkeliň dikeldilenine elli ýyl geçdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawy netijesinde beýik akyldaryň doglan gününiň 290 ýyllygyna gabatlap şahyryň heýkeliniň bütin töweregi täze keşbe girdi. Ol ýerde saýaly agaçlar oturdylyp, memorial ansamblyň meýdançasyna täze daşlar düşeldi. Gyra-ýany altynsow reňkli haşamly aýnaly örtgüler bilen örtülen meýdança täze keşbe girdi.

Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňi – ýurdumyzda medeni çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde hem kalplarymyza yhlas paýlaýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň iýun aýynda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilýän günleri bu ýeri özboluşly baýramçylyk meýdançasyna beslenýär. Ol ýerde ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary, ussat aýdymçylary çykyş edip, beýik akyldaryň ismini jahana ýaýýarlar.

Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň dikeldilenine şu ýyl elli ýyl doldy. Sungatyň gaýtalanmajak nusgasy bolan bu heýkel halkymyzyň beýik şahsyýetine goýýan çäksiz hormatynyň nyşanydyr. Şahyryň daşa siňen keşbini näçe synlasaň-da, ol her sapar adamlaryň kalbynda täze täsirleri oýarýar.

Aýyt ANNAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.