“Expanscape” kompaniýasy “Aurora 7” atly ýedi ekranly noutbugy işläp taýýarlady. Esasy displeýiň gapdalynda dioganaly 17,3 dýuým bolan 4K durulygynda iki sany dik ekrany bolup, olaryň hersiniň ýokarsynda goşmaça 7 dýuýmlyk panel ýerleşýär. Ýene bir doly ölçegli  ekran esasy ekranyň üstünde we sensorly kiçi ýedinji ekran klawituranyň aşagynda ýerleşýär.

Rekord sanly ekranda şekilleriň görkezilişi “Nvidia GeForce GTX 1060” grafiki tizlendirijisi tarapyndan üpjün edilýär. Şeýle hem kompýuter 64 GB RAM-ly “Intel Core i9-9900K” prosessory bilen işleýär. “Aurora 7”-niň agramy 12 kilograma deň bolup, ol 148 wattlyk batareýa bilen işleýar.

 

Orazmyrat Ýazmyradow,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.