Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etdi. Bu Kararnamada Türkmenistanyň yzygiderli we netijeli alyp barýan öňüni alyş diplomatiýasynyň tutuş dünýäde wajyp ähmiýete eýedigi barada aýdyldy. Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ähli sebitlerinde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, täze wehimlere hem-de howplara garşy hereket etmek boýunça meseleleri çözmekde öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn orun bermäge çagyrýar. Munuň şeýledigi halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek hem-de berkitmek, milli, sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi üpjün etmek, energetika, ulag-aragatnaşyk, suw-ekologiýa, medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklary boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlykda aýdyň görünýär. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ugurlary ählumumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmekden, iri abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr. Döwletimiz kabul edilen ähli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklaryny, şertnamalaryny hem-de konwensiýalaryny ýerine ýetirip, öz üstüne alan borçlaryna gyşarnyksyz we yzygiderli eýerýär, parahatçylygyň hem-de rowaçlygyň bähbidine öz ägirt uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny doly derejede peýdalanýar.
Ýurdumyzda her ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Bu hünär baýramçylygy ýurdumyzyň daşary syýasatyny we daşary ykdysady ugruny durmuşa geçirmekde diplomatiýanyň tutýan ornunyň has-da artýandygy göz öňünde tutulup, Gahryman Arkadagymyzyň hut öz başlangyjy esasynda döredildi. Ýurdumyz diplomatiýanyň ykdysadyýet, ulag, energetika, suw, medeniýet we sport ýaly möhüm ugurlaryny öňe sürýär. Parahatçylygy goldamak, syýasy diplomatik usullar arkaly jedelleri kadalaşdyrmak, parahatçylyk döredijilik hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak çäreleri ýaly gurallary işjeň peýdalanmaga gönükdirilen öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Arkadag Prezidentimiziň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty has-da üstünliklere beslensin, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşiniň, özgerişiň ýoly bilen barha öňe gitsin, şan-şöhraty dünýä dolsun, dünýä döwletlerine bagtyýarlyk, ynsanperwerlik ýollaryny açýan hormatly Prezidentimiziň tutan maksatlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Baýramdurdy Amanberdiýew
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby.