Dünýäniň iň uly aýsbergi bolan A68A-iň bir böleginiň gopandygy mälim edildi. Aýsbergler buz bilen örtülen adalardan gopmak arkaly emele gelýär. Bu äpet aýsberg 2017-nji ýylda Antartikanyň bölünip aýryldy. Onuň meýdany ilkibaşda 5 müň 800 inedördül kilometre barabardy. Bu görkeziji Lýuksemburgyň meýdanyndan iki essä barabar uludyr. Dört ýylyň dowamynda ol böleklere bölünip, meýdany 2 müň 450 inedördül kilometre çenli kiçeldi. Aýsbergler gopanlaryndan soňra suwuň akymy bilen süýşýärler. Şeýlelikde, has ýyly suw we howa onuň eräp kiçelmegine sebäp bolýar. Bu aýsberg Atlantik ummanynda Günorta Jorjiýa adasyna tarap süýşýär. Emeli hemralardan alnan suratlar bu aýsbergiň iki uly bölege bölünendigini görkezýär. Aýsbergden bölünip aýrylan bölekleriň dördüsi Günorta Jorjiýa adasynyň 60 kilometr golaýyna barypdyr. Äpet buz böleginden gopan her bir bölege täze at berýärler. Hünärmenler soňky gopan bölege A68g diýip atlandyrdylar. Buz bölegi suwuň 200 metre çenli aşagyna çümýär.