Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahat geçirildi. Bu maslahata institutyň professor-mugallymlary we talyplary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hünärmenleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlary, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň professor-mugallymlary hem gatnaşdylar.
2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy bilen ýurdumyzda bellenilýän diplomatik işgärleriniň hünär baýramy özboluşly öwüşgine eýe boldy. Türkmen diplomatiýasynyň ýeten sepgitleri belent üstünlikleri bilen utgaşykly amala aşyrylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň alyp barýan içeri syýasatynyň gönüden göni dowamy bolup çykyş edýän daşary syýasatda esasy işler, esasy orun türkmen diplomatlaryna degişli bolup durýar. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatyny dünýä wagyz etmekde, ony bütin dünýäde dabaralandyrmakda türkmen diplomatiýasynyň aýratyn orny, hormaty bar.
Ylmy maslahatda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň özygtyýarly döwlet hökmünde demokratik ýörelgelere esaslanýan milli ösüş ýolunda 30 ýylyň içinde gazanan üstünlikleri, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň girewi bolan durmuş-ykdysady syýasaty we döwletimiziň parahatsöýüjilikli daşary syýasatynda barha ýygjamlaşýan halkara gatnaşyklary barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, ýurdumyzyň bagtly geljegini ösüp gelýän ýaş nesil bilen baglanyşdyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimizde ýokary derejede ýaş hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty barada aýratyn bellenilip geçildi. Maslahatyň ahyrynda ýaş diplomatlary we Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomy bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Aýsenem ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.