5– 7-nji sentýabry aralygynda Germaniýanyň Bilefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty (The Junior Mental Calculation World Championship 2026) geçirildi. 2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu abraýly bäsleşige Hytaý, Singapur, Germaniýa, Ýaponiýa we Fransiýa ýaly 14 döwletden 100-den gowrak ökde mental türgenler gatnaşdy. Gatnaşajylar 2 sagadyň dowamynda diňe ýatdan hasaplamak arkaly matematikanyň çylşyrymly ugurlary, şol sanda kök almak, köpeldijilere paýlamak, droblar we senenama senelerini tapmakda bäsleşdiler.
Ýurdumyzda geçirilen saýlama tapgyryň netijesinde JMCWC 2026 çempionatyna kabul edilen 12 sany okuwçynyň köpüsi 2000 baldan ýokary netije görkezdi.
Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki «Kämil Bilim» okuw merkeziniň Anzan maksatnamasynyň uçurymy, 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Mekan Nurgeldiýew Junior-1 kategoriýasynda 2477 bal toplap, dünýä çempionatynda 3-nji orny eýeledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň mental arifmetika boýunça ilkinji milli rekordçysy Liwanur Berdiýewa Senior kategoriýasynda iň ýokary bal alan gatnaşyjylaryň ilkinji 8-ligine girmegi başardy.
Germaniýadaky çempionatda ýurdumyzyň ýygyndy toparyna «Kämil bilim» okuw merkeziniň mental arifmetika mugallymy Jahan Durdymämmedowa we matematika mugallymy Halym Annagurbanow ýolbaşçylyk etdiler.
Ýatlap geçsek, geçen ýyl bu abraýly halkara ýaryşda okuwçylarymyz üstünlikli çykyş edip, ilkinji onluga girmegi başarypdylar.
PDF








