Hormatly Prezidentimiziň parasatly, oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde, häzirki döwürde dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary boýunça gowy netijeler gazanylýar. Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda durnukly ösüş görkezijileri gazanylyp, ýurdumyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagy ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamalary durmuşa ornaşdyrylýar.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda milli özgertmeler maksatnamalary ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap aldy. Gurluşyk babatda aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň ähli künjeginde durmuş we önümçilik maksatly binalaryň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belläp geçişi ýaly, gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýuldy. 2020-nji ýylda umumy bahasy 8 milliard amerikan dollaryna barabar bolan durmuş we önümçilik maksatly binalaryň 45-si ulanmaga berildi.
Bu taslamalar ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerde amala aşyrylýar. Paýtagtymyz Aşgabat bilen bir hatarda welaýatlarymyzda, etraplarymyzda, etrap hukukly şäherlerimizde halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň şäherdir obalarynyň yzygiderli özgerýändigini her ýylyň dowamynda geçirilýän «Ýylyň etraby» bäsleşiginden hem görmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, golaýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2020-nji ýylyň jemleri jemlendi. Şonda welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda geçirilen däp bolan bäsleşigiň netijeleri jemlenildi. Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilip, bu etraba milli Liderimiz tarapyndan 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragy berildi.
Ýurdumyzyň iň gowy etraplary Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görkezijiler, bugdaý we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, durmuş meseleleriniň çözülişi, şol sanda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan gatnaşygy, medeni derejesiniň ýokarlanyşy, ösüp barýan ýaş nesillere berilýän terbiýe we beýleki wajyp görkezijiler nazara alnyp kesgitlenýär. Ine, şu görkezijileriň ählisi hem milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Oba milli maksatnamasy esasynda oba zähmetkeşleriniň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy ugrunda döwletimiz tarapyndan köp sanly ýeňillikler döredilýär. Dürli maksatly desgalaryň gurluşygy babatynda aýdylanda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli ýerinde durmuş-önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berýär. Önümçilik maksatly desgalar halkymyzyň dürli harytlara bolan elýeterliligini gowulandyrmaga, durmuş maksatly binalar bolsa, olaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzda şeýle etraplaryň sany köp bolsun! Diýarymyzy gülledip ösdürmekde, ähli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanmakda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Begsoltan TÄŞLIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň
mugallymy.