Ga­zet oka­mak di­ňe dün­ýä tä­ze­lik­le­rin­den ha­bar­ly bol­ma­ga kö­mek et­män, eý­sem, oky­jy­la­ryň gözýe­ti­mi­ni gi­ňeld­ýär. In­no­wa­si­ýa­nyň kä­mil­leş­me­gi, teh­nologiýanyň döw­re­bap­laş­ma­gy bi­len ga­zet-žur­nal­la­ryň elekt­ron nus­ga­la­ry peý­da bol­dy. Oky­jy­la­ry­nyň sa­ny gün­sa­ýyn art­ýan elekt­ron ne­şir­le­re ýur­du­myz­da hem is­leg ýo­ka­ry. Ge­çi­ri­len bar­lag­da dün­ýä­de ga­zet­dir žur­nal­la­ryň elekt­ron nus­ga­la­ry­nyň sa­ny­nyň ýyl­sa­ýyn art­ýan­dy­gy, ne­şi­riň bu gör­nü­şi­ne uly ýaş­ly adam­la­ryň hem is­leg bil­dir­ýän­dik­le­ri ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu ugur­da ge­çi­ri­len bar­la­gyň ne­ti­je­si­ne gö­rä taý­ýar­la­nan kä­bir mag­lu­ma­ty dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.
Ýer ýü­zün­de uly ýaş­ly adam­la­ryň 60 gö­te­ri­mi ga­zet oka­ýar. 18-24 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ýaş­la­ryň 54 gö­te­ri­mi bol­sa hep­de­de 3-4 gör­nüş­li ga­zet oka­ýar­lar.
Ga­zet­le­riň «diň­leý­ji­le­ri­niň» sa­ny hem kö­pel­ýär. Köp ne­şirler is­le çap gör­nü­şin­de, is­le elekt­ron gör­nüş­de bol­sun, öz sa­hy­pa­la­ryn­da ýer­leş­di­ren ha­bar­la­ry­nyň ses­li ýaz­gy­sy­ny hem hö­dür­le­ýärler. Şeý­le­lik­de, adamlar tä­ze­lik­le­ri ulag­da bar­ýar­ka ýa-da haý­sy­dyr bir işe güý­men­ýän wag­ty hem diň­le­mä­ge müm­kin­çi­lik al­ýar. Ge­çen ýy­lyň aw­gust aýyn­da ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de bellenilişine görä, elektron ga­zet­le­ri oka­ýan ýa­şy uly adam­la­ryň sa­ny­ 179 mil­lio­na ba­ra­bar bo­lup­dyr.
«Facebook» ula­ny­jy­sy­nyň or­ta­ça ýa­şy 40-a ýet­ýär. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, adam­lar tä­ze­lik­le­ri öw­ren­mek üçin elekt­ron we çap gör­nü­şin­dä­ki ýer­li ga­zet-žur­nal­la­ry oka­ýar­lar. Ha­bar plat­for­ma­la­ry­nyň ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny soň­ky bir ýyl­da 42 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp­dyr. Bu ösüş­de 25-34 ýaş ara­ly­gyn­da­ky oky­jy­la­ryň tä­si­riniň ulu­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Jem­gy­ýet­çi­lik tor­la­ryň ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny­nyň art­ma­gy ga­zet oky­jy­la­ryň hem kö­pel­me­gi­ne ge­tir­ýär. Elekt­ron ga­zet­ler te­le­ýaý­lym, ra­dio we ka­bel te­le­ýaý­lym­la­ry ýa­ly beý­le­ki ýer­li ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da, gaý­ta­dan gör­mä­ge we oka­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Jem­gy­ýet­çi­lik tor­la­ry­nyň ula­ny­jy­la­ry­nyň 85 gö­te­ri­mi beý­le­ki elekt­ron ne­şir­le­re şol tor­la­ryň üs­ti bi­len gir­ýär­ler.

Jepbar Gurbanow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.