Kuwwatly ulaglary öndürmegi bilen tanalýan “Land Rover” elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary öndürýän kompaniýalaryň hataryna goşular. 2030-njy ýyldan başlap, diňe elektroulag öndürjekdigini mälim eden “Jaguar Land Rover”, ilkinji nobatda, elektrik energiýasy bilen işleýän SUV ulaglaryny müşderilere ýetirer. Ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglary öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan “Land Rover” adaty ýangyçly ulaglarynyň önümçiligini dolulygyna aradan aýyrmak isleýändigini mälim etdi. Iňlis brendi ilkinji elektroulaglaryny 2024-nji ýylda satuwa çykarar. Kompaniýa ulaglarynyň “elektrikleşmegi” üçin 3,5 milliard dollar maýa goýum goýar. “Modular Longitudinal Architecture” (MLA) atly platformanyň bazasynda işlenip düzüljek awtoulaglaryň önümçiliginden alýumin materiallar has köp ulanylar. Şeýlelikde, onuň umumy agramy azaldylar. Ilkinji nobatda gibrid, soňlugy bilen dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar öndüriler. Ýeňil materialdan ýasalmagy netijesinde ulagyň batareýasy üçin goşmaça ýer emele geler hem-de bu energiýany tygşytlamaga ýadam eder.