Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si hormatly Prezidentimiziň alyp bar­ýan dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy­ny düz­ýär. Is­len­dik ada­myň sag­lygy üçin ähmiýetli bolan işjeň he­re­ket gün­de­lik sport hem-de fi­zi­ki maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da spor­tuň äh­li gör­nüş­le­ri­niň döw­re­bap de­re­je­de ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Spor­tuň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa we gy­zyk­ly gör­nü­şi­ bolan welosiped sporty soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da ila­ty­my­zyň be­den sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Eziz
Di­ýa­ry­myz­da spor­tuň bu gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da spor­tuň bu gör­nü­şi­ni has-da ös­dür­mek ba­bat­da de­giş­li iş­ler ýo­la go­ýul­dy. Türk­me­nis­tan­da 2021–2025-nji ýyl­lar­da we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň hem-de ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy taý­ýar­lan­ýar.

Bu bäş ýyl­lyk mak­sat­na­ma türk­men tür­gen­le­ri­niň us­sat­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ýur­du­myz­da we dün­ýä­de türk­men we­lo­si­ped spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny art­dyr­mak üçin şert­le­ri dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­me­giň äh­li ugur­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär. Bil­şi­miz ýa­ly, ýur­du­myz­da giň ge­ri­me eýe bo­lan we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­mek­de edil­ýän iş­le­riň ha­ta­ryn­da bel­li se­ne­ler my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped ýö­riş­le­ri­ni my­sal ge­tir­mek bo­lar. Mund­an baş­ga-da, we­lo­si­ped we bu ugur­da­ky giň ge­rim­li çä­re­ler ýur­du­my­zyň ady­nyň Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­dy. 2018-nji ýyl­da ge­çi­ri­len we­lo­si­ped sür­mek bo­ýun­ça iň köp san­ly il­deş­le­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da okuw sa­pa­gy, 2019-njy ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesin­de iň do­wam­ly bir ny­zam­ly we­lo­si­ped­li ýö­ri­şiň ge­çi­ri­lme­gi bi­len onuň tä­ze dün­ýä re­kor­dy hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.
Ýur­du­myz­da we­lo­si­ped spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gi ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler özü­niň netije­le­ri­ni ber­ýär. We­lo­si­ped­çi­le­riň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi spor­tuň bu gör­nü­şi ba­bat­da ýur­du­my­zyň dö­re­den inf­rast­ruk­tu­ra­sy­na ýo­ka­ry ba­ha be­rip, hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ýa­ryş­la­ry gu­ra­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şu ýy­lyň güý­zün­de ýe­ne-de bir iri hal­ka­ra ýa­ry­şy­ny ka­bul eder. We­lo­si­ped­çi­le­riň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň düz­gün­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, bu iri hal­ka­ra bäs­le­şi­gi­ni 2021-nji ýy­lyň 13-17-nji okt­ýab­ry ara­ly­gyn­da Aş­ga­bat­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň we­lot­rek sport top­lu­myn­da ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. We­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ge­çi­ril­jek­di­gini hem göz öňün­de tu­tanyň­da Di­ýa­ry­my­zyň kuw­wat­ly sport döw­le­ti­ne öw­rül­ýän­di­gi­ni aýt­mak bo­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri ba­bat­da­ky hal­ka­ra başlan­gyç­lary hem dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň gyz­gyn gol­da­wy­na eýe bol­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ýö­ri­te Ka­rar­na­ma­sy bi­len, 3-nji iýu­nyň Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni diý­lip yg­lan edil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň iş­jeň ös­dü­ril­ýän ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­ren hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­me­giň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň döw­re­bap ul­ga­my­ny dö­ret­mek, we­lo­si­ped du­ral­ga­la­ry­ny gur­mak, ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­kan­la­ry, us­sa­ha­na­la­ry, söw­da mer­kez­le­ri­niň ýa­nyn­da ola­ryň go­ýul­ýan ýer­le­ri­ni aç­mak hem-de we­lo­si­ped ýo­da­la­ry­ny çek­mek, we­lo­si­ped be­jer­ýän us­sa­la­ry taý­ýar­la­mak, adam­la­ryň wagt­la­ry­ny peý­da­ly ge­çir­mek­le­ri üçin se­ýil­gäh­ler­de ulu­lar we ça­ga­lar üçin we­lo­si­ped­le­riň hö­dür­len­ýän no­kat­la­ryny aç­mak hem-de se­ýil­gä­hiň için­de we­lo­si­ped ýo­da­la­ry­ny çek­mek bo­ýun­ça iş­le­riň göz öňün­de tu­tul­ma­gy ug­run­da hem uly ta­gal­la­lar ed­ýär. Mu­nuň özi hem ila­ty­my­zy sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne çek­mek­de we­lo­si­ped spor­tu­nyň uly äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Hal­ky­my­zyň sag­dyn hem-de bag­ty­ýar ýa­şa­ma­gy ug­run­da ýa­daw­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýän hem-de bu ugur­da giň ge­rim­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, be­lent ba­şy aman bol­sun, umu­ma­dam­zat bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Leý­la ER­GE­ŞO­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.