Soňky on ýylyň dowamynda öndürýän modellerini dolulygyna täzelän “Peugeot” logosyny hem üýtgetdi. 1850-nji ýylda esaslandyrylan brend mundan ozal ýolbars şekilli logosyny 10 gezek üýtgetdi. 11-nji logony “Peugeot Design Lab” dizaýn studiýasy taýýarlady. Kompaniýanyň ýaýradan maglumatynda “Dünýäniň iň gadymy awtoulag brendi bolan “Peugeot” täze logo bilen häsiýetini gaýtadan kesgitleýär we taryhynda täze sahypany açýar” diýlip bellenilýär. Geçen ýyl, “Nissan”, “Opel”, “Volkswagen” ýaly beýleki awtoulag öndürijileri hem logosyny üýtgedipdi.