24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy.
Milli Liderimize ak mermerli Aşgabadyň demirgazyk künjeginde peýda boljak «Aşgabat siti» şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina ediljek desgalaryň taslamasy, paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda «Altyn kölüň» kenarynda ýerleşjek döwrebap kottežler toplumynyň taslamasy, «Daşkent» seýilgähiniň, şeýle hem bu ýerde saglygy goraýyş ylmy-kliniki ulgamyna degişli Halkara sagaldyş-dikeldiş, Halkara fiziologiýa merkezleriniň taslamalary, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 18-nji tapgyrynyň çäklerinde Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde bina ediljek durmuş maksatly binalaryň taslamalary we täze guruljak ýene-de bir ajaýyp beýik binanyň taslamasy hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz binalaryň gurluşygynda ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyna, olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şanly seneler mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň gurluşyklarynda ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine eýe bolmagy babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň häkimliginde ak mermerli Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi. Onda Aşgabadyň 140 ýyllyk senesi dabaraly belleniljek şu ýylda ýurdumyzyň baş şäherini dünýäniň iň gözel we abadanlaşdyrylan şäherleriniň birine öwürmek boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aşgabat köp wakalary başyndan geçiren gadymy şäherdir. Köpsanly pidalara hem-de weýrançylyklara getiren 1948-nji ýylyň ýertitremesinden soňra şäherimiz düýbünden täzeden dikeldildi. Soňky ýyllarda Aşgabadyň ösdürilmegine ägirt uly üns berilýär, munuň üçin uly möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär, şäherimiziň çäkleri has-da giňeldildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Ýöne muňa garamazdan, paýtagtymyzy kämilleşdirmek hem-de ony özgertmek, degişli desgalaryň göwnejaý derejede saklanylmagyny hem-de öz wagtynda abatlaýyş işleriniň geçirilmegini üpjün etmek boýunça kemçilikler az däl diýip, döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylaryň degişli hasabatlaryny diňledi.
Milli Liderimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy S.Berdimuhamedow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyzaýow we Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy we Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlygyň çäklerinde şanly sene mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly binalaryň gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şanly senelerde meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, binagärlik we bezeg işleri babatda sanly ulgamyň, täzeçil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň esasynda, şeýle hem guruljak binalaryň ýerleşjek ýerlerini nazara almak bilen, gurluşyklaryň taslamalary bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşmeleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelerde milli öwüşgine, täze taryhy eýýamyň ýokary döredijilik ruhuna ähmiýet berilmelidir. Munuň özi ýurdumyzyň agzybir halkyny mähriban Watanymyzyň ösüşiniň bähbidine täze belentliklere ruhlandyrmalydyr diýip belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň köp derejede tutuş ýurdumyzyň abraýyny kesgitleýändigini belledi. Ak mermerli paýtagtymyz berkarar döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşini aýdyň görkezýän şäheridir. Jemgyýetimiziň medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň, aň-bilim kuwwatynyň derejesini beýan edýän merkezidir.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gözel Aşgabadymyza, onuň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine, ajaýyp binagärlik keşbine kanuny esasda buýsanýarys. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalary 11 gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Şunuň bilen bir wagtda, häzirki güne çenli Aşgabady ösdürmek hem-de onuň gözelligini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlerde köpsanly ýetmezçilikler bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hökümetiň paýtagt şäherimizi abadanlaşdyrmak boýunça kabul eden Kararlaryny ýerine ýetirmekde säwliklere ýol berilýär, resminamalarda bu ugurda göz öňünde tutulan ähli işler hem-de olary maliýeleşdirmegiň möçberleri anyk kesgitlenilendir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ş.Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa ýüzlenip, paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramyny bellemäge az wagt galandygyna garamazdan, bu şanly senä görülýän taýýarlyk işleriniň kanagatlanarsyz ýagdaýda bolmagynda galýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şäherde amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň hiliniň pesdigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz sanlyja ýylda täze Aşgabady döretdik diýip belledi. Şäheriň keşbi tanalmaz ýaly özgerdi. Emma paýtagtyň taryhy geçen ýoly baradaky materiallar gazet-žurnallarda örän seýrek çap edilýär. Şoňa görä-de, şäheriň geçmişi, şu güni, geljegi baradaky materiallary, şeýle hem 140 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak bilen bagly işler ilata, aýratyn-da ýaş nesillere yzygiderli ýetirilmelidir we düşündirilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşýan ýolbaşçylara ýüzlenip, agzalan bu kemçilikler üçin olaryň ählisiniň şahsy jogapkärçilik çekýändigini aýtdy. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda alnyp barylýan işlerde iň täze innowasion tehnologiýalary ulanmalydygyny, şonuň esasynda zerur bolan üpjünçilik ulgamlaryny döretmelidigini ýene-de bir gezek ýatladyp, şäheri ösdürmegiň meýilnamasynda şu aýdylanlaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.
Biziň borjumyz iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher hökmünde paýtagtymyzyň belent abraýyny saklamakdan ybaratdyr. Şonuň üçin biz Aşgabady has-da gözelleşdirmelidiris. Ony döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň baýram edilmegine birnäçe aýyň galandygyny, bu ýubileýiň şäherlileriň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara bu şanly senä gabatlanyp, göz öňünde tutulan dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz şanly senäniň öň ýanynda, 24-nji maýda paýtagtymyzy ösdürmäge öz zähmeti bilen uly goşant goşup, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara dabaraly ýagdaýda sylaglaryň gowşuryljakdygyny habar berdi. 25-nji maýda bolsa, paýtagtymyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutarys, şeýle hem şol gün täze gurlan «Garagum» myhmanhanasyny dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz maslahaty jemläp, oňa gatnaşanlara halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hem-de belent sepgitlere ýetmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.