Sagdyn durmuş ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş syýasatynyň esasyny düzýär. Islendik adamyň saglygy üçin ähmiýetli bolan işjeň hereket gündelik sport hem-de fiziki maşklary ýerine ýetirmek bilen amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň döwrebap derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Sportuň ekologiýa taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolan welosiped sporty soňky ýyllarda ýurdumyzda ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär. Eziz
Diýarymyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň bu görnüşini has-da ösdürmek babatda degişli işler ýola goýuldy. Türkmenistanda 2021–2025-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy taýýarlanýar.
Bu bäş ýyllyk maksatnama türkmen türgenleriniň ussatlygyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzda we dünýäde türkmen welosiped sportunyň abraýyny artdyrmak üçin şertleri döretmek maksady bilen welosiped sportuny ösdürmegiň ähli ugurlaryny özünde jemleýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda giň gerime eýe bolan welosiped sportuny ösdürmekde edilýän işleriň hatarynda belli seneler mynasybetli guralýan köpçülikleýin welosiped ýörişlerini mysal getirmek bolar. Mundan başga-da, welosiped we bu ugurdaky giň gerimli çäreler ýurdumyzyň adynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegine mynasyp goşant goşdy. 2018-nji ýylda geçirilen welosiped sürmek boýunça iň köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagy, 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörişiň geçirilmegi bilen onuň täze dünýä rekordy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemek gerek.
Ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegi babatda alnyp barylýan işler özüniň netijelerini berýär. Welosipedçileriň halkara bileleşigi sportuň bu görnüşi babatda ýurdumyzyň döreden infrastrukturasyna ýokary baha berip, halkara derejesindäki ýaryşlary guramaga uly gyzyklanma bildirdi. Şonuň netijesinde, paýtagtymyz Aşgabat şu ýylyň güýzünde ýene-de bir iri halkara ýaryşyny kabul eder. Welosipedçileriň halkara birleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda, bu iri halkara bäsleşigini 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň welotrek sport toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär. Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigini hem göz öňünde tutanyňda Diýarymyzyň kuwwatly sport döwletine öwrülýändigini aýtmak bolar.
Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgeleri babatdaky halkara başlangyçlary hem dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen, 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Sport diplomatiýasyny döwletimiziň daşary syýasatynyň işjeň ösdürilýän ugurlarynyň birine öwren hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmegiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebap ulgamyny döretmek, welosiped duralgalaryny gurmak, ýöriteleşdirilen dükanlary, ussahanalary, söwda merkezleriniň ýanynda olaryň goýulýan ýerlerini açmak hem-de welosiped ýodalaryny çekmek, welosiped bejerýän ussalary taýýarlamak, adamlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin seýilgählerde ulular we çagalar üçin welosipedleriň hödürlenýän nokatlaryny açmak hem-de seýilgähiň içinde welosiped ýodalaryny çekmek boýunça işleriň göz öňünde tutulmagy ugrunda hem uly tagallalar edýär. Munuň özi hem ilatymyzy sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmekde welosiped sportunyň uly ähmiýete eýe boljakdygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Halkymyzyň sagdyn hem-de bagtyýar ýaşamagy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän hem-de bu ugurda giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, umumadamzat bähbitli başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!
Leýla ERGEŞOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.