18 — 21-nji awgust aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde Türkmen-özbek ýaşlar forumy geçirildi. «Arda Hywa» dynç alyş toplumynyň mejlisler zalynda badalga alan ýaşlar forumy Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýaşlarynyň intellektual, döredijilik, ylmy hem-de tehnologik mümkinçiliklerini birleşdirmekde netijeli meýdança boldy.

Geçirilen sessiýalaryň çäklerinde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, emeli aňyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ýaşlaryň startap-ekoulgamlary üçin amatly gurşawy kemala getirmek, sebitiň durnukly ösüşine gönükdirilen bilelikdäki ekologiýa we «ýaşyl» taslamalary durmuşa geçirmek, meýletinçilik hereketleriniň gerimini giňeltmek, şeýle hem medeni-ynsanperwer alyşmalary ulgamlaýyn baýlaşdyrmak ýaly ugurlar barada giňişleýin pikir alşylmagy çäräni mazmun taýdan has-da baýlaşdyrdy. Hususan-da, sanly ulgam we emeli aň baradaky çykyşlarda häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden dogry peýdalanmak, ýaşlaryň innowasion startap taslamalaryna giň ýol açmak we sanly gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly döwrebap meselelere ylmy taýdan çemeleşmek dogrusynda aýdyldy. Ýaş telekeçileriň işine bagyşlanan çykyşlarda bolsa iki ýurduň kiçi we orta telekeçilik boýunça wekilleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, önümçilik we söwda ugurlarynda täze amaly taslamalary durmuşa geçirmegiň ykdysady bähbitleri anyk mysallar bilen delillendirildi.

Sebitiň ekologiýa ýagdaýyna we «ýaşyl» taslamalara bagyşlanan çykyşlarda daşky gurşawy goramak we ekologiýa medeniýetini kemala getirmek ugrunda ýaş nesliň öňünde durýan jogapkärçilik dogrusynda aýratyn nygtaldy. Bu ugurdaky amaly üstünlikleriň aýdyň nyşany hökmünde ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Şährisäbz şäherinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge bagyşlanyp geçirilen “Ýaşlar — geljegiň gurujylary” atly halkara çäräniň çäklerinde guralan ýaşlaryň ekologiýa taslamalarynyň bäsleşiginde türkmen ýaşlarynyň taýýarlan innowasion taslamasynyň birinji orna eýe bolandygy aýratyn bellenildi.

Meýletinçilik hereketiniň gerimini giňeltmäge gönükdirilen çykyşlarda ynsanperwerlik, raýdaşlyk we jemgyýete peýda getirmek ýörelgelerine daýanyp, durmuş ähmiýetli çärelerde meýletinçileriň tejribesini we amaly usullaryny kämilleşdirmegiň wajypdygy bellenildi. Forumyň medeniýet we sungat ugruna bagyşlanan böleginde bolsa iki doganlyk halkyň asyrlar aşyp gelýän maddy däl medeni mirasyny aýawly saklamak, milli gymmatlyklary ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek we sungatyň diplomatik güýji arkaly medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze belentliklere götermek baradaky buýsançly pikirler beýan edildi.

Şu günki günde döwrüň öňe sürýän iň möhüm syýasy-jemgyýetçilik meseleleri dostlukly halklaryň ýaşlaryny bir maksatda birleşdirýär. Ýaşlaryň arasyndaky jebisligi berkitmäge we uzak geljegi nazarlaýan başlangyçlary kemala getirmäge gönükdirilen ýörelgeler forumyň dowamyndaky çykyşlarda öz beýanyny tapdy. Şeýle hem medeniýetiň, edebiýatyň halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ruhy-medeni taýdan baglanyşdyrýan köprüdigi forumyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan şowhunly aýdym-sazlarda, şahyrana setirlerde aýdyň şöhlelendi.

Çeşme: “Türkmenistan” gazeti