2021-nji ýylyň fewral aýynda Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alnan ilkinji waka – uzak wagt dowam eden animasion şüweleň boldy. Uçarmansyz enjamlar bilen howa giňişliginde guralan bu çäre EFYI topary tarapyndan taýýarlanan taslama esasynda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde, belli suratkeş Wan Goguň hatyrasyna bagyşlanan serginiň çäklerinde geçirildi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine Hytaýyň Týanszin şäheriniň uniwersitetiniň talyplary hem ýardam etdi. 600 sany uçarmansyz enjamyň kömeginden peýdalanyp, «Ýyldyzly agşam» atly köp wagtlyk animasion şüweleň geçirildi. 26 minut 19 sekunt dowam eden şüweleňde belli suratkeşiň suratlary hem açyk asmanda şekillendirildi. Guramaçylar şüweleňiň şygary hökmünde aşakdaky sözleri saýladylar: «Animasiýa, hekaýaty tomaşaçylaryň görşi ýaly aýdyp bermegiň iň gowy usulydyr».
Ogulsuraý GOŇUROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.