Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Preziden­ti­miziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň bank ul­ga­my­na in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, bu ul­ga­myň iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da köp iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­ny­lan 2019-2025-nji ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bo­ýun­ça Kon­sep­si­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, şeý­le hem hu­su­sy ul­ga­myň kär­ha­na­la­ry­nyň we te­le­ke­çi­le­riň işe­wür­lik hem-de ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy, ola­ryň da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.
San­ly ul­ga­ma ge­çil­me­gi bank ba­za­ry­na gat­na­şy­jy­la­ryň we müş­de­ri­le­riň ara­syn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň düýp­li öz­ger­dil­me­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Mu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, hyz­mat­la­ryň tiz­li­gi­niň art­dy­ryl­ma­gy­ny hem-de hyz­mat et­me­giň al­ter­na­tiw usul­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly müş­de­ri­le­riň wag­ty­nyň tyg­şyt­la­nyl­ma­gy­ny göz öňün­de tut­ýar.
Soň­ky wagt­lar­da in­ter­net ul­ga­my­nyň ös­me­gi hem-de smart­fon­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­me­gi mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Şo­la­ry ula­ny­jy­lar her gün öz­le­ri­niň ha­sa­by­nyň ba­lan­sy­ny bar­la­mak, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len amal­la­ry göz­den ge­çir­mek, ge­çi­rim­le­ri hem-de hyz­mat­la­ryň tö­leg­le­ri­ni ama­la aşyr­mak üçin en­çe­me ge­zek ul­ga­ma gir­ýär­ler. Bank ul­ga­my­na şu müm­kin­çi­lik­le­riň or­naş­dy­ry­lan döw­rün­den bä­ri «Al­tyn asyr» bank kart­la­ry, «Mil­li­kart», «Go­ýum bank kar­ty», «Maş­ga­la kar­ty» ýa­ly san­ly bank kart­la­ry ar­ka­ly nagt däl tö­leg­le­riň möç­be­ri gün­sa­ýyn art­ýar hem-de «In­ter­net-bank», «Mo­bil-bank», men­zi­la­ra tö­leg­le­ri ýa­ly hyz­mat­lar­dan peý­da­lan­mak ýo­kar­lan­ýar. Plas­tik bank kart­la­ryň çy­ka­ryl­ma­gy bank hyz­mat­la­ry­nyň dün­ýä ul­ga­my­na go­şu­lyş­ma­gy­na, ban­kyň işe­wür­lik ab­ra­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, müş­de­ri­le­ri nagt däl ha­sap­la­şy­ga çek­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hal­ka­ra ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy işi­ne gat­naş­mak iň tä­ze bank teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny öz­leş­dir­mä­ge, äh­lu­mu­my möç­ber­de ha­sap­la­şyk­la­ry ama­la aşyr­mak üçin ägirt uly dü­züm­den peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bank kart­la­ry ar­ka­ly ter­mi­nal­la­ryň üs­ti bi­len söw­da hem-de hyz­mat ediş mer­kez­le­rin­de sa­tyn al­nan ha­ryt­la­ryň we hyz­mat­la­ryň tö­le­gi, je­ma­gat hyz­mat­la­ry (gaz­dan, suw­dan, elekt­rik to­gun­dan peý­da­lan­mak) tö­le­gi ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Eziz Di­ýa­ry­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni ga­zan­mak­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ar­tyk­maç­ly­gy ulu­dyr hem-de san­ly­laş­dyr­mak bo­ýun­ça Kon­sep­si­ýa äh­li döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­na we iri yk­dy­sa­dy tas­la­ma­la­ra saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýar. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar dur­nuk­ly ösü­şiň köp san­ly me­se­le­le­ri­ni dür­li ugur­lar bo­ýun­ça çöz­mek­de öz­bo­luş­ly açar bo­lup dur­ýar. Dün­ýä­de iň çalt ös­ýän ugurlaryň biri bolan san­ly teh­no­lo­gi­ýa ba­za­ry ýaş­la­ryň iş bi­len üp­jün­çi­li­gin­e uly goşant goşýar.

Ogul­je­mal Be­ko­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň «Türk­me­nis­tan» DTB-niň «Ke­se­ar­kaç» şa­ham­ça­sy­nyň
San­ly bank teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we aw­to­ma­ti­za­si­ýa bö­lü­mi­niň esa­sy hü­när­me­ni.