Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Te­bi­gy baý­lyk­lar mi­nistr­li­gi­niň ha­ba­ry­na gö­rä, Hy­taý­da Ýeriň jüm­mü­şi ba­ra­da­ky yl­myň ösü­şi­ni iler­let­mek hem-de ýe­ras­ty äti­ýaç­lyk­la­ry göz­le­mek üçin teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len bar­lag­ha­na dö­re­dil­di.
Hy­ta­ýyň Geo­lo­gi­ýa Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len tä­ze bar­lag­ha­na hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ins­ti­tut­la­ryň stan­dart­la­ry­na la­ýyk­lyk­da iş­läp, Ýer to­ga­la­gy­nyň iç­ki gur­lu­şy­ny öw­ren­mek, onuň iç­ki gat­lak­la­ryn­da­ky te­bi­gy baý­lyk­la­ry göz­le­mek we yl­my bar­lag­lar üçin has çuň bu­raw ýa­ly ugur­lar­da beý­le­ki ýurt­lar­da­ky kär­deş­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­ga ni­ýet­le­nen­dir.
Şeý­le hem, bar­lag­ha­na Ýe­riň iç­ki gat­lak­la­ry­ny öw­ren­mek üçin uly mag­lu­mat­la­ry we teh­ni­ki en­jam­la­ry paý­laş­ma­gy mak­sat edin­ýär. Ýe­riň jüm­mü­şin­de um­ma­syz ener­gi­ýa, se­na­gat çig mal­la­ry we suw se­riş­de­le­ri sak­lan­ýar. HHR-iň Te­bi­gy baý­lyk­lar mi­nistr­li­gin­de bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, tä­ze bar­lag­ha­na ýur­duň stra­te­gik ze­rur­lyk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da we yl­my in­no­wa­si­ýa­la­ra esas­la­nyp iş­lär.