19-njy few­ral­da Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz ne­ti­je­le­ri­ne gar­şy gö­reş ba­ra­da­ky Pa­riž yla­la­şy­gy­na res­mi taý­dan go­şul­dy. Oňa 2015-nji ýyl­da Ba­rak Oba­ma­nyň pre­zi­dent­lik döw­rün­de gol çe­ki­lip­di. Bu ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Jo­zef Baý­de­niň il­kin­ji mak­sat­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, ozal­ky bar bo­lan şert­na­ma­ny gaý­ta­dan di­kelt­di. Tä­ze De­mok­rat Pre­zi­dent 2050-nji ýy­la çen­li ug­le­ro­dyň nol de­re­je­si­ni ga­zan­ma­gy wa­da ber­di. Bu ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ryň te­bi­gy ekoul­gam­lar we teh­ni­ki çöz­güt­ler ar­ka­ly zy­ýan­syz­lan­dy­ryl­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar.
Finl­ýan­di­ýa­nyň Ýew­ro­pa Par­la­men­tin­dä­ki ag­za­sy Mia­pet­ra Kum­pu­la-Nat­ri Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň hem şeý­le mak­sa­da eýer­ýän­di­gi­ni we bu ugur­da ABŞ bi­len hyz­mat­daş­ly­gy güýç­len­dir­mek is­le­ýän­di­gi­ni aýt­dy:
– Biz öz di­kel­diş gaz­na­myz, olar hem ho­wa me­ýil­na­ma­sy ar­ka­ly bu ugur­da uly ma­ýa go­ýa­rys. «Ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­nyň sag­dyn bäs­deş­lik dö­red­ýän­di­gi­ni na­za­ra alyp, has köp baş­lan­gyç­la­ry öňe sü­rüp bi­le­ris. ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti­niň ho­wa me­se­le­si bo­ýun­ça ýö­ri­te we­ki­li Jon Ker­ri­niň il­kin­ji çy­kyş­la­ry hem bu ugur­da­ky stra­te­gi­ýa­nyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni gör­kez­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ryň 30,3 gö­te­ri­mi Hy­ta­ýa, 13,4 gö­te­ri­mi ABŞ-a, 8,7 gö­te­ri­mi Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa de­giş­li­dir.
«Ýe­riň dost­la­ry – Ýew­ro­pa» gu­ra­ma­sy­nyň baş­ly­gy Ýa­go­da Mýun­hen dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ry­ny gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne has köp ma­ýa goý­ma­ga ça­gy­rýar:
– El­bet­de, ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne go­ýul­ýan ma­ýa go­ýum­la­ry­ny azalt­mak bo­ýun­ça he­niz anyk çä­re­le­r gö­ze ile­nok. Çün­ki, şu gün­ki gün­de su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz üçin ter­mi­nal­la­ryň iş­jeň gur­lu­şy­gy­na şa­ýat bol­ýa­rys. Şeý­le hem biz ABŞ bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň dün­ýä de­re­je­sin­de öň­de­ba­ry­jy bo­lup, Glo­bal Gü­nor­ta diýlip atlandyrylýan se­bit­le­re raý­daş­lyk bildirmegini is­le­ýä­ris. Ösü­şi ha­ýal ýurt­la­ryň «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­me­gi üçin bi­lim­le­riň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň Glo­bal Gü­nor­ta sebitlerine geç­me­gi­ möhümdir.
ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Jo­zef Baý­de­niň Ho­wa me­ýil­na­ma­sy 2 tril­li­on dol­lar möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum­la­ry­ny, esa­san hem, aras­sa ener­gi­ýa pu­da­gyn­da 10 mil­li­on iş or­nu­ny dö­ret­me­gi göz öňün­de tut­ýar. Şeý­le hem, Pre­zi­dent ne­bit we gaz gu­ýu­la­ryn­dan me­ta­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­ny çäk­len­dir­jek­di­gi­ni söz be­rip­di.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­dä­ki ame­ri­kan söw­da pa­la­ta­sy­nyň baş­ly­gy Sýu­zan Dan­jer işe­wür to­par­la­ryň hem ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne gar­şy gö­re­şe go­şul­ma­gy­na ga­raş­ýar:
– Işe­wür­le­riň bu ug­ra ma­ýa goý­ma­gy uzak möh­let­li tas­la­ma bo­lup, olar il­ki bi­len daş­ky gur­şa­wyň dur­nuk­ly­ly­gy­ny anyk­la­ma­ly bol­ýar­lar. Şeý­le ýag­daý­da kom­pa­ni­ýa­lar kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­ma­ga kö­mek ed­ýän tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ra ba­tyr­gaý­lyk bi­len ma­ýa go­ýar­lar. Bu ýag­daý beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­la­ra we jem­gy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ry­na öz­le­ri­niň ug­le­rod ga­lyn­dy­la­ry­ny azalt­ma­ga kö­mek eder.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa no­ýabr aýyn­da Glaz­go­da ge­çi­ril­jek BMG-niň in­di­ki ho­wa mas­la­ha­tyn­da ABŞ we dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry bi­len has ýa­kyn hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da gep­le­şik­ler ge­çir­mä­ge umyt bag­la­ýar­.