“Samsung” geçen aý “Dimensity 720” çipi bilen “Galaxy A32 5G” smartfonynyň taslamasyny hödürläpdi. Indi bolsa bu smartfonyň 4G görnüşi çykaryldy.  “Galaxy A32 4G”-iň “Galaxy A32 5G”-den o diýen tapawudy ýok. Ýöne bu model öňki nusgadan tapawutlylykda IPS ýerine AMOLED ekran bilen enjamlaşdyrylandyr. Onda 6,4 dýuým diagonally we FHD + durulygynda (5G wersiýasynda 6.5 “HD +) ekran bar. Mundan başga-da, panelde barmak yzy okaýjy we skaner (tizligi 90 Hz) bar. Şeýle ýokary derejeli ilkinji A seriýaly smartfonyň ýokarsynda 20 MP durulygynda surata alýan selfi kamerasy bar. Yz tarapynda dört kamera sensory bolsa, 64 MP, 8 MP, 5 MP, we 2 MP durulygynda surata düşürmäge ýardam edýär. “Galaxy A32 4G” sekiz ýadroly “MediaTek Helio” çipi bilen işleýär. 4/6/8 GB RAM-ly telefonyň 64 ýa-da 128 GB içki ýatly esasy iki görnüşi bar. Täze telefonyň bahasynyň 268 dollardygy mälim edildi.