Programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan “AiFi” kompaniýasy Hytaýy Şanhaý şäherinde dünýäniň iň uly satyjysyz dükanyny açdy. Meýdany 370 metre barabar bolan dükanda 200 sany “akylly” kamera oturdylypdyr. Müşderiler dükana girenlerinde diňe telefon applikasiýasyny degişli enjama okatmaklary ýeterlik. Müşderileriň alan harytlary akylly kameralar tarapyndan anyklanýar we olaryň bank hasabyndan awtomatik usulda alynýar. “AiFi” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stiw Gu müşderileriň dükana girip, gerek zadyny alandan soňra wagt ýitirmän gidip biljekdiklerini belleýär.

Öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň programma öndürijisidigine ünsi çeken Stiw emeli aň tehnologiýasyny satýandyklaryny belleýär. Stiw Gu bu kameraly çözgüt arkaly marketlerde işçi we ýer üçin sarp edilýän çykdajyny 60 göterime çenli azaldyp boljakdygyny belleýär. Şeýle hem bu usul müşderileriň töleg üçin nobata durmagyny hem dolulygyna aradan aýyrýar.

Ýeri gelende aýtsak, ABŞ-nyň “Amazon” kompaniýasy hem birküç ýyllykda “Amazon Go” atly dükanyny açypdy.