Adamzadyň Aýa aýak basanyna ýarym asyrdan gowrak wagt geçdi. Emma syýahatçylyk maksady bilen Ýeriň hemrasyna häzire çenli giden bolmady. Aýyň ilkinji jahankeşdesi bolmaga taýýarlyk görýän ýaponiýaly Ýusaku Maezawa “SpaceX” kompaniýasynyň Aýa gitjek ilkinji meýletinçileri gözleýändigini mälim etdi. “SpaceX” kompaniýasy golaýda Aýa gitjek ilkinji syýahatçynyň Ýusaku  Maezawa boljakdygyny mälim edipdi. Bu uçuşyň 2023-nji ýylda amala aşyrylmagyna garaşylýar. Ýapon milliarder Maezawa Ýeriň hemrasynyň ilkinji myhmanlaryny saýlamak üçin meýletinçileriň 14-nji marta çenli  ýüz tutmalydyklaryny belledi. Dalaşgärler bilen söhbetdeşligiň bolsa, maý aýynda geçiriljekdigi mälim edildi.

“Forbes” žurnalynyň maglumatlaryna görä, 2 milliard dollar töweregi baýlygy bolan Maezawa ýapon egin-eşik brendi “Zozotown”-y esaslandyrdy. Şol bir wagtyň özünde sungat eserlerini hem kolleksiýa etmek bilen meşgullanýar. Belli işewür geçen ýyl “SpaceX” raketasy bilen Aýyň daşyndan aýlanjak ilkinji kosmos syýahatçysy hökmünde saýlanypdy.