Türkmenistanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr – Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy.
Ýurdumyzyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan bu möhüm syýasy çäräniň çäklerinde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň sany çäklendirilen däldir. Mejlise gatnaşyjylaryň her biri dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, olary ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, olary goldamaga ýa-da ret etmäge, hut özüni hem dalaşgär hökmünde hödürlemek üçin ara alyp maslahatlaşylmagyny teklip etmäge bolan hukuklaryndan kanuna laýyklykda peýdalandylar.
Kanun çykaryjy milli häkimiýet edarasyna halkymyzyň iň mynasyp wekilleri hödürlenildi. Mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna şu güne çenli dalaşgärleriň 20-si Ahal welaýaty boýunça, 21-si Balkan welaýaty boýunça, 18-si Daşoguz welaýaty boýunça, 18-si Lebap welaýaty boýunça, 17-si Mary welaýaty boýunça we 17-si Aşgabat şäheri boýunça hödürlenen dalaşgärlerdir. Dalaşgärleri hödürlemek 2-nji martda tamamlanýar, bellige almak bolsa 7-nji marta çenli dowam eder.Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topary tarapyndan degişli resminamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýlelikde, saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreler demokratik, aýanlylyk, köppartiýalylyk hem-de giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär.
Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, öňde boljak saýlawlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda, demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmagyň ýolunda aýratyn möhüm ähmiýetli waka bolar. Bu ýörelgeler milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan Watanymyzyň gülläp ösmegine we abadançylygyna, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly binýat bolar.