Taýwanyň “Compal” kompaniýasy dünýädäki giňeldilip bilinýän “Airttach” atly ilkinji noutbugy tanyşdyrdy.  Noutbugyň 13 dýuýmlyk esasy ekranyň iki gapdalynda aýratyn paneller oturdylyp,  açylanda  48:9 ölçegli bolýar. Enjamyň aýrylýan panelleri hem aýratynlykda işläp bilýär. Noutbugyň göwrümi ýan torbaňyzda götermäge mümkinçilik berýän adaty noutbuk bilen deňeşdirilýär. “Compal” kompaniýanyň wekilleri “Airttach”-y noutbugy birbada köp maglumatlary yzarlaýan mazmun öndürijiler, işewürler, döwlet işgärler we şuňa meňzeş pudaklarda işleýän hünärmenler üçin niýetlenilýär. “Compal Electronics” kompaniýasy “Apple Inc.”, “Acer”, “Lenovo”, “Dell”, “Toshiba”, “Hewlett-Packard” we “Fujitsu” ýaly dünýäniň dürli müşderileri üçin noutbuklar, monitorlar, planşetler we telewizor öndürýän özboluşly dizaýn öndürijisi 1984-nji ýyldan bäri Taýwanda esaslandyrylýar.