3-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy.

Ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de howp­suz­ly­gy hem-de pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mä­ge, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mä­ge, ola­ryň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mä­ge, döw­let em­lä­gi­ne, şol san­da ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ne gö­zeg­çi­lik et­mä­ge hem-de san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­ga de­giş­li so­rag­la­ryň bir­nä­çe­si hem-de beý­le­ki me­se­le­ler bol­dy.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, il­ki bi­len go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýe­we söz ber­di. Mi­nistr şu ýy­lyň iki aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň, eder­men Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň bir­kem­siz gul­luk et­me­gi hem-de oňaý­ly ýa­şa­ma­gy üçin has amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek ar­ka­ly Mil­li go­şu­ny­my­zyň go­ra­nyş kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len kö­pu­gur­ly har­by öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­ma­gyň bar­şy ha­kyn­da ha­sa­bat be­ril­di.
Şu ýyl bel­le­nil­ýän şöh­rat­ly se­nä­niň – Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­nyň hor­ma­ty­na ge­çi­ril­jek har­by ýö­ri­şe taý­ýar­lyk gör­mek bi­len bag­ly ge­çi­ril­ýän iş­ler ha­sa­ba­tyň esa­sy­ny düz­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Har­by dok­tri­na­sy­nyň Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty bi­len bag­ly­lyk­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy­ny we yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri kes­git­läp, har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny, ýaş nes­li wa­tan­çy­lyk, mu­kad­des har­by bor­ja bir­kem­siz gul­luk et­mek we eziz Wa­ta­ny­my­za bo­lan söý­gi­niň ru­hun­da ter­bi­ýe­le­me­gi şo­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­kez­di.
Soň­ra içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Ça­ky­ýew şan­ly ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri IIM-niň dü­züm­le­ri­niň işi­niň ne­ti­je­le­ri, ýur­du­myz­da jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­ni sak­la­mak we düz­gün bo­zul­ma­la­ryň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Şeý­le hem ýan­gyn howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, şol san­da ýan­gy­na gar­şy ne­ti­je­li çä­re­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň ha­sa­by­na üp­jün et­mek, Döw­let ýol gö­zeg­çi­li­gi gul­lu­gy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek hem-de ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, äh­li dü­züm­le­riň işi­ni he­mi­şe gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. Şol dü­züm­ler jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­niň, ra­ýat­la­ry­my­zyň ka­nu­ny hu­kuk­la­ry­nyň we azat­lyk­la­ry­nyň bir­kem­siz ber­jaý edil­me­gi­niň hem­me­ta­rap­la­ýyn go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­me­li­dir.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, düz­gün bo­zul­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­ma­ga, şol san­da ýur­du­my­zyň aw­to­mo­bil ýol­la­ryn­da düz­gü­niň ber­jaý edil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­dir. Şu mak­sat bi­len, ra­ýat­la­ryň, aý­ra­tyn-da, okuw­çy­la­ryň ara­syn­da ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri ha­kyn­da gi­ňiş­le­ýin dü­şün­di­riş iş­le­ri­ni yzy­gi­der­li ge­çir­mek ze­rur­dyr.
Soň­ra Baş pro­ku­ror B.At­da­ýew ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ka­nun­çy­ly­gyň we düz­gün-ter­ti­biň berk ber­jaý edil­me­gi­ne, dür­li ka­nun bo­zul­ma­la­ryň ýü­ze çy­ka­ryl­ma­gy­na we öňü­niň alyn­ma­gy­na gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­nu­nyň rüs­tem­li­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça işe örän jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň ha­ky­ky de­mok­ra­tik, hu­kuk döw­le­ti bol­mak bi­len, gel­jek­de hem mil­li ka­nun­çy­ly­gy­my­zy boz­ýan­la­ra gar­şy bar­ly­şyk­syz gö­reş alyp baryl­jak­dy­gy­ny, ola­ryň so­ňu­na çyk­mak üçin de­giş­li çä­re­le­riň görül­jek­di­gi­ni, hut şo­ňa gö­rä-de, her bir işiň se­re­dil­me­gi­ne jo­gap­kär­çi­lik­li we ada­lat­ly çe­me­leş­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aý­dyp, bu ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy G.Us­sa­ne­pe­sow şu ýy­lyň ge­çen iki aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, döw­rüň ta­la­by­ny na­za­ra al­mak bi­len hem-de hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň he­re­ket ed­ýän ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da hem-de ýo­ka­ry hü­när de­re­je­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak ar­ka­ly ýur­du­my­zyň ka­zy­ýet ul­ga­my­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça gör­len anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­zy­ýet eda­ra­la­ry­nyň işi­niň Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň be­lent mak­sat­la­ry­na we we­zi­pe­le­ri­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy şol sy­ýa­sa­tyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň güýç­len­di­ril­me­gi­ne hem-de ka­zy­la­ryň hü­när de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn üns ber­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri G.An­na­ýew 2021-nji ýy­lyň iki aýyn­da ýur­du­myz­da pa­ra­hat­çy­ly­gy, asu­da­ly­gy we ra­ýat je­bis­li­gi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­lip, ama­la aşy­ry­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da oňyn jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy ýag­da­ýyň sak­la­nyl­ma­gy­nyň türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ra­hat we aba­dan dur­mu­şy­nyň hem-de Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de öň­de goý­lan be­lent mak­sat­la­ra ýet­mek we we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da üs­tün­lik­li he­re­ket et­me­giň aý­ryl­maz şer­ti bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di hem-de Mil­li howp­suz­lyk mi­nistr­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Nu­ry­ýew goň­şy döw­let­ler bi­len dost­luk­ly we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny sak­la­ýan türk­men hal­ky­nyň däp-des­sur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Wa­ta­ny­my­zyň çäk­le­ri­niň yg­ty­bar­ly go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça ge­çen iki aý­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des çäk­le­ri­ni go­ra­mak bo­ýun­ça aý­ra­tyn we­zi­pä­niň ser­het­çi­le­riň üs­tü­ne ýük­le­nen­di­gi­ni hem-de ene top­ra­gy­myz­da pa­ra­hat­çy­ly­gy we asu­da­ly­gy sak­la­ma­ga go­şan­dy­nyň ulu­dy­gy­ny bel­läp, ola­ryň döw­let ser­he­di­mi­ziň el­deg­ril­me­siz­li­gi­ni üp­jün et­me­gi­niň, ser­het ga­la­la­ry­ny aba­dan­laş­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di.
Ada­lat mi­nist­ri B.Mu­ha­me­dow şu ýy­lyň il­kin­ji iki aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri hem-de hormatly Prezidentimiziň döw­let ösü­şi ug­run­da öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy bo­lan mil­li ka­nun­çy­ly­gy has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän hu­kuk öz­gert­me­le­ri­niň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di hem-de Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na we hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça de­giş­li eda­ra­lar bi­len ut­ga­şyk­ly iş­le­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ka­nun­çy­ka­ry­jy­lyk tej­ri­be­si­niň öw­re­nil­me­gi­niň hem-de onuň tä­ze ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry taý­ýar­la­ny­lan­da peý­da­la­nyl­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi nyg­tal­dy.
Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew 2021-nji ýy­lyň ge­çen iki aýyn­da ama­la aşy­ry­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di, gul­lu­gyň alyp bar­ýan esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­dan, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri he­mi­şe kä­mil­leş­dir­me­giň, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň or­naş­dyr­ma­gyň, ýur­du­my­zyň bar­lag-ge­çi­riş no­kat­la­ry­nyň iş­gär­le­ri üçin hü­nä­ri ýo­kar­lan­dy­ryş okuw­la­ry, ama­ly we na­za­ry okuw­la­ry gu­ra­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di.
Soň­ra döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy B.Öwe­zow gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän da­şa­ry ýurt­la­ryň äh­li­si bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek­den yba­rat bo­lan döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň mö­hüm ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­ly­lyk­da, gul­lu­gyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň, onuň äh­li dü­züm­le­ýin bö­lüm­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, iş­gär­le­riň hü­när taý­ýar­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň hem-de ola­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aý­dyp, bu ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Ýo­ka­ry gö­zeg­çi­lik eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy S.Berdimuhamedow ýur­du­myz­da döw­let em­lä­gi­ne, şol san­da ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ne ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da eýe­lik edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek hem-de san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça 2021-nji ýy­lyň ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­let em­lä­gi­ne aýaw­ly we oý­la­ny­şyk­ly çe­me­leş­mek, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi hem-de do­lan­dy­ryş ul­gam­la­ry­ny san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ra ge­çir­mek bo­ýun­ça mö­hüm we­zi­pe­le­re ün­si çek­di we şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýe­re de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry Ç.Ama­now şu ýy­lyň iki aýyn­da har­by we hu­kuk go­raý­jy dü­züm­le­riň alyp ba­ran iş­le­ri, umu­man, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň işi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň asu­da­ly­gy­nyň go­ra­gyn­da du­ran äh­li har­by dü­züm­le­riň saz­la­şyk­ly iş­le­me­gi­ni ýo­la goý­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Wa­tan­çy­lyk-ter­bi­ýe­çi­lik işi­niň äh­mi­ýe­ti­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di, onuň çäk­le­rin­de har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň şah­sy dü­zü­mi üçin de­giş­li çä­re­le­ri ge­çir­mek ge­rek. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýe­re, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry­na anyk tab­şy­ryk­lar be­ril­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­si jem­läp hem-de Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň çäk bi­te­wü­li­gi­ni üp­jün et­me­giň har­by-sy­ýa­sy we har­by-stra­te­gik esas­la­ry­ny kes­git­le­ýän go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­nyň ka­bul edi­len­di­gi­ni bel­le­di.
Şo­nuň esa­syn­da döw­le­ti­mi­ziň howp­suz­ly­gy­ny, adam hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça köp iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ka­nun­çy­ly­gy ber­kit­me­giň we hu­kuk ter­ti­bi­ni go­ra­ma­gyň ýö­rel­ge­le­ri kä­mil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le hem Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­kit­mek­dä­ki tä­si­ri­ni güýç­len­dir­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na esa­syn­da Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň dü­zü­mi hä­zir­ki za­ma­nyň iň kä­mil sö­weş­jeň ýa­rag­la­ry we har­by teh­ni­ka­la­ry bi­len üp­jün edil­ýär.
Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň we ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş, gul­luk hem-de iş şert­le­ri yzy­gi­der­li go­wu­lan­dy­ryl­ýar.
Al­nyp ba­ryl­ýan bu iş­ler­de Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­nyň hem bi­tir­ýän hyz­mat­la­ry aý­ra­tyn hor­ma­ta my­na­syp­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry döw­le­ti­mi­ziň howp­suz­ly­gy­ny, ada­myň Kons­ti­tu­si­on hu­kuk­la­ry­nyň hem-de azat­lyk­la­ry­nyň go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­bat­da­ky sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­mek işi­ne yh­las­ly we tu­tan­ýer­li zäh­met­le­ri bi­len iş­jeň gat­naş­ýar­lar.
Şu mak­sat bi­len, mil­li Li­de­ri­miz Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň döw­let ga­raş­syz­ly­gy­ny, özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny, çäk bi­te­wü­li­gi­ni, Kons­ti­tu­si­on gur­lu­şy­ny go­ra­mak­da, ka­nu­ny­ly­gy we hu­kuk ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek­de uly hyz­mat­la­ry bi­ti­ren­dik­le­ri­ni na­za­ra alyp, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­na «Türk­me­nis­ta­nyň Wa­tan go­rag­çy­sy» di­ýen hor­mat­ly ady dak­mak ba­ra­da ka­ra­ra ge­len­di­gi­ni aýt­dy.
Mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ryň el çar­pyş­ma­gy bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz de­giş­li Per­ma­na gol çek­di.
Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ra­lyp, olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow mej­li­si ta­mam­lap, oňa gat­na­şan­la­ryň äh­li­si­ne berk jan sag­lyk, ro­waç­lyk, hal­ky­my­zyň asu­da we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da alyp bar­ýan jo­gap­kär­li gul­luk­la­ryn­da uly üs­tün­lik­le­ri hem-de maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny ar­zuw et­di.
Soň­ra Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­na «Türk­me­nis­ta­nyň Wa­tan go­rag­çy­sy» di­ýen hor­mat­ly ady dak­ma­gyň da­ba­ra­ly çä­re­si ge­çi­ril­di.