Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bagtyýarlyk döwründe maşgala ojagynyň söýesi bolan türkmen zenanlaryna uly hormat-sarpa goýulýar. Hormatly Prezidentimiz: «Mähriban enelerimiz, edepli-ekramly, mylaýymzada gelin-gyzlarymyz türkmen durmuşynyň gülleridir, türkmen toýlarynyň bezegidir, ojaklarymyzyň alawy, öýlerimiziň çyragydyr» diýip, zenanlarymyzyň durmuşdaky tutýan ornuna örän ýokary baha berýär.
Zenan sarpasy belentde tutulýan Diýarymyzda her ýylyň bahar paslynda Halkara zenanlar güni uludan bellenilýär. Gelin-gyzlarymyza hem-de uýalarymyza bu şanly baýramçylygyň hormatyna pul sylaglary berilýär. Şu ýyl hem milli Liderimiz bu baradaky Buýruga gol çekip, 1-6-njy mart aralygynda zenanlarymyza, gelin-gyzlarymyza hem-de uýalarymyza pul sowgatlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagyny tabşyrdy.
Bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzda dürli çäreler geçirilýär. Olaryň hatarynda «Ýylyň zenany» we «Talyp gözeli – 2021» atly bäsleşikleri hem görkezmek bolar. Zenanlar önümçiligiň dürli pudaklarynda ak ýürek bilen yhlasly zähmet çekip, eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrylýan döwletli işlere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky çärelere işeňňirlik bilen gatnaşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde ata Watanymyzda mähriban zenanlarymyz aýratyn alada bilen gurşalyp, olaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekde hem örän uly işler ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmagy we ähli amatlygy bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň berilmegi ugrunda tagalla etmegi bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan we işleýän zenanlarymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitaby hem ene mukaddesliginiň, zenan sarpasyna goýulýan ajaýyp hormatyň aýratyn subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp kitabyny mährem käbesi Ogulabat ejä bagyşlamak bilen, onda ene dünýäsiniň belent söýgüsini, mährini, arzuw-islegini delilli maglumatlar esasynda açyp görkezipdir. Halkymyzda enäni döwletlilik, öý-ojagyň berekedi, rysgal-hümmeti hasaplap, onuň nurana dünýäsine ykbalyny çoýup ýaşamak dessury bar. Ýigit gaýraty bilen topragy gülledip ýaşaýar, toprak güllese, ene kalby-da gülleýär, gül açýar. Ene ýüregi hemişe alkyşdan doly. Şol alkyşlar bolsa söz bilen ene topraga, ynsan kalbyna dury, päkize damja bolup damýar. Şonda ene sözüne, ene diline hem düşünýär. Eneleri bagtyýarlyga beslemekden uly bagt ýokdur.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlar hakyndaky alada, olaryň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Öý-ojaklaryň söýesi hasaplanylýan zenanlar, taryhda bolşy ýaly, häzirki döwürde hem ruhy, aň-bilim we ahlak mümkinçilikleri wajyp durmuş wezipelerini çözmekde, medeni gymmatlyklary saklamakda hem möhüm orny eýeläp gelýärler.
Maksat MYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.