5-nji martda geçirlen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji mart — Halkara zenanlar güni bilen eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy tüýs ýürekden gutlady we olara berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny we abadançylygyny arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekdi we milli Liderimiz käbir köp çagaly enelere ýaşaýyş jaýlaryny bermek barada hem karara gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinden «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sylaglary we sowgatlary jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde gowşurmagy Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa, ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny bolsa Aşgabat şäher häkimliginde gowşurmagy şäheriň häkimine tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem welaýatlarda sylaglary we ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmagy welaýat häkimlerine tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ähli zenanlary baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek gutlap, degişli ýolbaşçylara meýilleşdirilen dabaralara ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.