Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza ýurtlar plastik torbalary ulanmagy tapgyrlaýyn gadagan etmegi maksat edinýär. Bileleşigiň ykdysady toparynyň metbugat gullugynyň maglumatlaryna görä, bu meseläni öwrenmek 2025-nji ýyla çenli Ýewraziýanyň ykdysady maksatnamalaryny ösdürmegiň strategiýasynda göz öňünde tutulýar. Häzir topar degişli meýilnamany taýýarlaýar. Bir gezek ulanylýan plastikany tapgyrlaýyn gadagan etmek meselesi geçen ýyl Ýewraziýa ykdysady bileleşigine agza ýurtlaryň kärhanalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky maslahatda garalypdy.
Belarus Respublikasynyň Tebigy baýlyklar ministrligi 2025-nji ýyla çenli Ýewraziýanyň ykdysady maksatnamalaryny ösdürmegiň strategiki ugurlarynyň çäginde bir gezek ulanylýan plastikany, şol sanda plastik torbalary import etmek we öndürmek boýunça tapgyrlaýyn gadagançylyga mümkinçilik berýän çäreleriň durmuşa geçirilmegini maksadalaýyk hasaplaýar.
Russiýanyň Ykdysady Ösüş ministrliginiň Ýewraziýanyň ykdysady toparyna iberen hatynda bir gezek ulanylýan plastikany öndürmek, import etmek we gadagan etmek bilen baglanyşykly çäreleri ara alyp maslahatlaşmagyň mümkinçiligi barada durup geçýär.
Häzirki wagtda Ýewraziýanyň ykdysady integrasiýasyny ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirmek meýilnamasynyň taslamasy tassyklanýar. Resminama bir gezek ulanylýan plastikany import etmek we öndürmek boýunça tapgyrlaýyn gadagançylygy girizmek üçin ýörite çäreleri öz içine alýar. Taslamany 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde tassyklamak meýilleşdirilýär. Russiýanyň Tebigy baýlyklar ministrligi hem daşky gurşawyň hapalanmagyna täsir edýän plastikanyň importyny we önümçiligini azaltmagy makullaýar.
Russiýanyň Senagat we Söwda ministrligi bir gezek ulanylýan we gaýtadan işlenip bilinýän önümleriň käbir görnüşleriniň tapgyrlaýyn azaldylmagy we dolanyşykdan çykarylmagy baradaky pikiri goldaýar. Şeýle-de bolsa edaranyň wekilleriniň belleýşi ýaly, mümkin bolan alternatiwalary, şol sanda daşky gurşaw we ykdysady netijeleri göz öňünde tutmak möhümdir.