In­ter­net ara­gat­na­şy­gy­nyň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de elekt­ron söw­da has-da art­dy. Hä­zir­ki wagt­da ha­ryt hö­dür­le­ýän kär­ha­na­lar müş­de­ri­le­ri­niň sar­gyt­la­ry­ny sal­gy­la­ry­na el­tip ber­mek hyz­ma­ty­ny hem ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Bu usul elekt­ron söw­da­nyň art­ma­gy­na ge­tir­ýär. Bäs­deş­li­giň art­ma­gy hem söw­da­nyň bu gör­nü­şi­niň kä­mil­leş­me­gi­ne iter­gi ber­ýär. Bi­ler­men­ler elekt­ron söw­da­ny ös­dür­mek üçin dür­li usul­la­ry mas­la­hat ber­ýär­ler. Ine, şol mas­la­hat­la­ryň kä­bi­ri:
Ýer­len­jek ha­ry­dy tap­maz­dan ozal, söw­da­ny nä­hi­li gu­ra­ma­ly­dy­gy­ňy­zy kes­git­le­me­li. Bu, esa­san, iki gör­nüş­li bo­lup, bi­ri az is­leg bil­di­ril­ýän, go­wy gir­de­ji ge­tir­ýän ha­ryt­la­ry sat­mak, beý­le­ki­si geç­gin­li, em­ma gir­de­ji­si pes ha­ryt­la­ry sat­mak ha­sap­lan­ýar. Ikin­ji usul has köp müş­de­ri­ni özü­ne çek­me­gi ta­lap ed­ýär.
Tä­ze­lik­ler­den ha­bar­ly bol­ma­ly. Haý­sy ha­ryt­la­ryň geç­gin­li­di­gi­ni he­mi­şe anyk­lap gez­me­li. Se­bä­bi müş­de­ri­niň is­le­gi pa­s­la, ýy­la gö­rä üýt­gäp dur­ýar. Mun­dan ha­bar­ly bol­mak si­ze dog­ry ha­ry­dy kes­git­le­mä­ge ýar­dam eder. Elekt­ron söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan in­ter­net saýt­la­ry bu ba­bat­da si­zde pi­kir döredip bi­ler.
Ha­ryt üp­jün­çi­li­gi­ üçin dür­li sa­ty­jy­lar bi­len gep­le­şiň! Ýer­le­mek is­le­ýän ha­ry­dy­ňy­zy şol bir ýer­den däl-de, baş­ga ýer­ler­den hem göz­läň! Ba­ha­sy­ny de­ňeş­di­riň! Sat­jak ha­ry­dy­ňy­zyň ba­zar ba­ha­sy­ny öw­re­niň!
Ba­ha­ny ar­zan­la­dyň! Eger sat­ýan ha­ry­dy­ňyz­dan ar­zan sa­ta­ny­ňyz­da hem gir­de­ji ga­za­nyp bil­jek bol­sa­ňyz, ony ar­zan­la­dyň! Bu si­ze bäs­deş­le­ri­ňiz­den bir ädim öňe saý­lan­ma­ga ýar­dam eder.
Müş­de­ri­le­riň pi­kir­le­ri­ni so­raň! Bu si­zde has geç­gin­li ha­ryt­la­ry sat­mak üçin täze pi­kir döreder. Ma­ha­bat be­riň! Di­ňe el­ýe­ter­li ha­ryt­la­ry­ňy­zyň ma­ha­ba­ty­ny edip bi­ler­si­ňiz. Mu­nuň üçin ýö­ri­te ar­zan­la­şyk hem gu­rap bi­ler­si­ňiz. Kä­bir ha­ry­dy­ňy­z köp wagt­lap geç­me­dik bol­sa onuň ba­ha­sy­ny ar­zan­la­dyň!
In­ter­net saýt dö­re­diň! Hä­zir­ki wagt­da in­ter­net hem­me­le­re el­ýe­ter­li bo­lup, si­ziň hö­dür­le­ýän ha­ryt­la­ry­ňyz ýa-da hyz­mat­la­ry­ňyz ba­ra­da müşde­ri­le­re mag­lu­mat al­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
Tö­le­giň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ka­bul ediň! Aý­da­ly müş­de­ri­niň sal­gy­sy­na bar­dy­ňyz. Tö­le­gi­ni kart­dan ge­çir­mek is­le­ýän bol­sa, mu­ňa müm­kin­çi­lik dö­re­diň!

Be­genç Bä­şi­mow,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.