Ördekleriň dür­li gör­nüş­le­ri bar. Bu guş­la­ryň kö­pü­si owa­dan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şol se­bäp­li adam­lar ör­de­gi go­wy gör­ýär­ler. Oý­na­waç ör­dek­le­riň, ör­dek mult­film gah­ry­man­la­ry­nyň bol­ma­gam ýö­ne ýer­den däl­dir. Te­bi­gy şert­ler­de ýa­şa­ýan ör­dek­le­riň iň owa­da­ny man­da­rin ör­de­gi ha­sap­lan­ýar. Dür­li reňk­li ýe­lek­le­ri bo­lan bu ör­dekler, esa­san, Ýa­po­ni­ýa, Hy­taý, Ko­re­ýa ýa­ly ýurt­lar­da ýa­şa­ýarlar. Şeý­le hem Gün­ba­tar Ýew­ro­pa­da, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da ide­dil­ýär. Bu jan­dar­lar te­bi­gy şert­ler­de seýrek duşýar. Guş­lar maş­ga­la­sy­nyň äh­li­sin­de bol­şy ýa­ly, ola­ryň ho­raz­la­ry has reňk­li bol­ýar.
Mandarin ör­dek­leri, esa­san, ho­wuz­lar­da, se­ýil­gäh­le­riň köl­le­rin­de we gür to­kaý­lar bi­len gur­şa­lan bat­ga­lyk­lar­da mes­gen tu­tun­ýar­lar. Man­da­rin ör­dek­le­ri köl­le­riň, der­ýa­la­ryň go­la­ýyn­da­ky agaç kö­wek­le­rin­de hö­würt­ge ýa­san­ýar­lar. Olar, esa­san, ösüm­lik­ler hem-de to­hum­lar bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Şeý­le hem suw­da­ky ki­çi­räk ba­lyk­la­ry we beý­le­ki jan­dar­la­ry aw­la­ýar­lar.
Bu ördekler ýe­lek­le­ri­niň owa­dan bo­lan­dy­gy se­bäp­li öý­de hem sak­lan­ýar. Olaryň ho­raz­la­ry­nyň çüň­ki gy­zyl, gö­zü­niň gy­ra­la­ry ýa­rym Aý gör­nüş­li ak, ýü­zi we çek­ge­le­ri gy­zy­lym­tyl bol­ýar. Dö­şünden dik­li­gi­ne ak çyz­yk ge­çip, be­new­şe reňk­li bol­ýar. Mä­ki­ýan man­da­rin­le­riň bol­sa çal we go­ňur per­le­ri bol­ýar.
Uç­ma­ga ök­de bo­lan man­da­rin ör­dek­le­ri­niň bo­ýy 41-49 sm, ga­nat­la­ry­nyň ge­ri­mi 65-75 sm ara­ly­gyn­da bol­ýar. Jüý­je­le­ri gys­ga wagt­da uç­ma­gy we ýüz­me­gi öw­ren­ýär­ler. Gyş pas­lyn­da has ýy­ly ýer­le­re göç­ýär­ler. Sü­ri bo­lup ýa­şa­ýan bu guş­lar beý­le­ki ör­dek­le­riň ara­sy­na go­şu­lyp, olar bi­len bi­le­lik­de ýa­şa­ma­ga ukyp­lydyr. Bu guş­la­ryň az san­ly­sy haý­wa­nat bag­la­ryn­da sak­lan­ýar. Gün­do­gar ýurt­la­ry­nyň kä­bi­rin­de man­da­rin ör­de­gi we­pa­ly­ly­gyň we söý­gi­niň ny­şa­ny ha­sap edil­ýär.
Bu guşlar XVII asy­ryň ahy­ryn­da Hy­taý­dan Ang­li­ýa ge­ti­ril­ýär. 1930-njy ýyl­lar­dan baş­lap kö­pel­di­lip baş­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Ang­li­ýa­da bu ör­de­giň 2300 tö­we­re­gi jü­bü­ti ýa­şa­ýar.
Gu­şuň bu gör­nü­şi Azi­ýa­nyň kä­bir ýurt­la­ryn­da Pe­kin ör­de­gi ýa-da söý­gi ör­de­gi ady bi­len bel­li­dir.
Beý­le­ki ör­dek­le­re ga­ra­nyň­da, man­da­rin ör­de­gi ýu­waş we gal­ma­gal­syz bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ör­dek­le­re haý­sy­dyr bir howp aba­nan­da, sü­ri bo­lup gar­şy­lyk gör­kez­ýär­ler.
Bu ör­dek­le­riň ag­la­ba­sy Ýa­po­ni­ýa­da ýa­şa­ýar­ we sa­ny ka­da­ly ýag­daý­da art­ýar.

Merjen Gurbankulowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.