“Apple” kompaniýasy Germaniýanyň Mýunhen şäherinde çip dizaýn merkezini gurmagy meýilleşdirýär. “Apple” bu merkezde, esasan, simsiz tehnologiýany ösdürmäge üns berer. Mýunhen şäheri eýýäm “Apple”-iň Ýewropadaky iň uly inženerçilik merkezine öwrüldi. Bu ýerde prosessorlary we energiýa dolandyryjylary hasaba alanyňda 1500 töweregi adam zähmet çekýär. Kompaniýa bu ýerdäki biznesini giňeltmek üçin geljek üç ýylyň dowamynda 1 milliard dollardan gowrak serişde goýbermegi maksat edinýär. Bu mukdar gözleg işlerine goşmaça maýa goýumlary öz içine alýar. Kompaniýanyň esasy maksady dikeldilýän çeşmelerden öndürilen elektrik energiýasyny gaýtadan işlemek bolup durýar. Meýilnama görä, täze merkez 2022-nji ýylyň ahyrynda açylar.