Fransiýanyň “Renault” kompaniýasy 2022-nji ýyldan başlap ulanjak täze logosyny tanyşdyrdy. Täze logo birnäçe aý ozal tanyşdyrylan “Renault 5” atly nusgalyk ulagda görkezilipdi. Emma şol tanyşdyrylyşda täze logo barada agzalmandy. Bu logo 2024-nji ýyldan başlap ähli “Renault” maşynlarda peýda bolar. Täze logonyň ilkinji haýsy modelde ulanyljakdygy mälim edilmedi. Soňky ýyllarda awtoulag öndüriji kompaniýalar elektroulag önümçiligini artdyryp başladylar. Şol sebäpli birnäçe ýyldan bäri däp bolup gelýän nyşanlaryna “elektron” öwüşgin berdiler. Mundan ozal “Kia”, “Nissan”, “Maserati”, “Opel”, “Peugeot” we “Volkswagen” öz logolaryny täzeledi. “Renault” kompaniýasy döredilen wagtyndan bäri logosyny 9-njy gezek üýtgedýär. Kompaniýanyň häzirki logosy 1992-nji ýylda döredilipdi. Bu logo 2015-nji ýylda azda-kände üýtgedilipdi.