Dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­de te­bi­gy we bi­na­gär­lik gö­zel­lik­le­ri bi­len gö­ren­le­ri haý­ra­na goý­ýan oba­lar we şä­her­çe­ler bar. Uly şä­her­ler­den uzak­da ýer­leş­ýän bu ilat­ly no­kat­la­ryň owa­dan­ly­gy ja­han­keş­de­le­ri hem özü­ne çek­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lyk bi­ler­men­le­ri şeý­le oba­la­ryň sa­na­wy­ny taý­ýar­lap­dyr­lar. Ge­liň, bu oba­la­ryň gys­ga­ça sa­na­wy­na se­re­de­liň!
Gar­miş-Par­ten­kir­hen. Ger­ma­ni­ýa­nyň gü­nor­ta­syn­daky bu şä­her­çe dag ete­gin­de ýer­leş­ýär. 1936-njy ýyl­da bu ýer­de IV gyş­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ril­ýär. Gö­zel dag te­bi­ga­ty­nyň jüm­mü­şin­dä­ki şä­her­çe­de gy­şy­na şag­la­wuk­la­ryň doň­ma­gy bu ýe­riň sy­ýa­hat­çy­lyk äh­mi­ýe­ti­ni has hem art­dyr­ýar.
Gi­ma­laý da­gyn­da­ky oba. Hy­ta­ýyň Ti­bet se­bi­tin­de Gi­ma­laý dag­la­ry­nyň etek­le­rin­de ulu­ly-ki­çi­li bir­nä­çe oba bar. Bu oba­la­ra di­ňe py­ýa­da ýa-da mün­gi haý­wan­la­ry bi­len ba­ryp bol­ýar.
Reý­ne. Nor­we­gi­ýa­nyň Mos­ke­ne­so­ýa ada­syn­da­ky bu oba­nyň ýa­şaý­jy­la­ry, esa­san, ba­lyk tut­mak bi­len meş­gul­lan­ýar­lar. Oba­nyň ila­ty 300 adam­dan gow­rak.
Ga­sa­da­lur. Şot­lan­di­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Farer ada­la­ryn­da­ky bu tä­sin oba di­ňe de­ňiz­den ba­ryp bol­ýar. Bu ýer­de de­ňiz ke­na­ry uçut ga­ýa­ly bo­lup, oba bar­mak üçin ýö­ri­te gur­lan bas­gan­çak­lar­dan ýo­ka­ryk çyk­ma­ly. Oba de­ňiz­den 213 metr be­lent­de ýer­leş­ýär.
Kol­mar. Fran­si­ýa­nyň gün­do­ga­ryn­da­ky El­zas we­la­ýa­tyn­da­ky bu oba­nyň ýa­şaý­jy­la­ry üzüm ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bi­len meş­gul­lan­ýar. Ilat­ly no­ka­dyň için­den akyp geç­ýän ka­nal­la­r se­bäp­li bu ýe­re «ki­çi We­ne­si­ýa» hem di­ýil­ýär.
Hallş­tatt. Awst­ri­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da ady­bir kö­lüň ke­na­ryn­da­ky oba­nyň ta­ry­hy mi­la­dy­dan ozal­ky bäş mü­ňün­ji ýyl­la­ra ba­ryp ýet­ýär. 1997-nji ýyl­da ilat­ly şä­her­çe ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­ýär.

Aý­gül An­na­ne­pe­so­wa,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.