Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, Türkmenistan döwletimiz depginli ösýän güýçli döwlete, ösen ykdysadyýetli, milli mirasy we medeniýeti bolan kämil jemgyýete öwrülmek bilen, ýurdumyzda geçirilýän paýhasly progressiw özgertmeler syýasatynyň rowaçlanýan ýurduna öwrülýär.

Soňky ýyllarda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda wajyp gurluşyklaryň düýbi tutuldy, senagat kärhanalary döwrebaplaşdyryldy, tehniki we tehnologiýa taýdan döwrebap enjamlaşdyryldy, gurluşyk pudagy ýokary depginler bilen ösdürildi, täze ýollar, kommunikasiýa ulgamlary kemala geldi. Bularyň netijesinde ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin kuwwatly önümçilik, durmuş we inženerçilik infrastrukturasynyň berk binýady döredildi. Bu giň gerimli işleriň geçirilmeginiň binýadynda Türkmenistan dünýäniň ýokary depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşuldy. Häzirki döwürde gadymy türkmen topragy gözüň alnynda tanalmaz ýaly özgerýär, gün-günden durmuş-ykdysady we medeni taýdan pajarlap ösýän döwletimiz gitdigiçe pugtalanýar. Amala aşyrylýan beýik işler Türkmenistanyň gülläp ösüş ýoluny kesgitleýän, ýurduň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda giň gerimli ägirt uly wezipeleri çözmeklige mümkinçilik berýän, halkyň ýaşaýyş derejesini has gowulyga tarap özgerdýän binýatlary bolan “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyndan”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşündäki Milli maksatnamasyndan”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we beýleki sebitleri, pudaklary ösdürmegi nazarlaýan maksatnamalaryndan ugur alnyp durmuşa geçirilýär.

Ýurtda alnyp barylýan salgyt özgertmeleriniň baş maksady ykdysady ösüşi durnukly depginde dowam etdirmek, ykdysady kuwwaty berkitmek üçin ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny deňeçer ösdürmekden, önümçilikleriň netijeliligini we bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan, maýa goýumlaryň özleşdirilişini çaltlandyrmakdan, içerki bazarlary harytlar bilen doldurmakdan, raýatlaryň girdejilerini artdyrmakdan we ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar.

Döwletiň esasy maliýe meýilnamasy we merkezleşdirilen maliýe serişdesi bolan döwlet býujetiniň möçberi ýurduň ykdysady kuwwatyna bagly bolup, ol näçe uly bolsa, şonça-da döwlet baýdyr. Bu serişdeler ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge we ilatyň durmuş hal-ýagdaýlaryny gowlandyrmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmaga, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Salgyt düşünjesi öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Salgyt düşünjesiniň diňe ykdysady däl, eýsem pelsepe manysy hem bar. Salgyt düşünje-siniň ykdysady tebigatyna we asyl manysyna akyl ýetirmek üçin adamlaryň şahsy girdejileriniň ýa-da emläginiň bir böleginiň umumymilli pul serişdeler gaznasynda, ýagny döwlet býujetinde toplanylmagy bilen baglanyşykly ykdysady prosesleriň tebigatyna nazaryýet seljermesini geçirmek zerurdyr.

Jemgyýet ähmiýetli işleri amala aşyrmak üçin hususyýetçileriň emläkleriniň we gymmatlyklarynyň bir bölegini umumylaşdyrmak zerurlygyny şertlendirýän düşünje salgytlara bolan pelsepe garaýşyň çygryny şertlendirýär. Tebigy-fiziologiýa sebäplere görä, adamlaryň jemgyýeti birmeňzeş däl. Bu bolsa tebigy hadysalara we döwletiň daşyndan abanýan howpa garşy durmaga, bilelikde şäher gurluşyk işlerini amala aşyrmaga, zähmete ukypsyzlary saklamaga we köpsanly beýleki jemgyýetçilik isleglerini kanagatlandyrmak üçin adamlardan öz tagallalaryny we baýlyklaryny birleşdirmeklerini talap edýär. Adamlaryň ýokarda agzalyp geçilen tagallalarynyň birleşdirilmegi, salgytlaryň ýüze çykmagynyň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar.

Ýurduň ykdysadyýetine aýgytlaýjy täsirini ýetirýän salgyt syýasaty döwletiň we salgyt töleýjileriň bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen, döwlet býujetine gelip gowuşýan salgytlaryň kanuny goraglylygyny we onuň durmuş üpjünçiligine gönükdirilmeginiň tygşytlylygyny, ýurdumyzda düýpli maýa goýumlaryň artdyrylmagyny üpjün edýär. Şeýle hem, telekeçiligiň we önümçiligiň ösmegine, kärhanalaryň we korporasiýalaryň daşarky bazarlara çykmagyna, dünýä bazarlarynda olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge, ilaty durmuş taýdan giňişleýin goramaga ýardam berýär we döwlet býujetini pul serişdeleri bilen üpjün etmegiň esasy bolup durýar.

Salgyt syýasaty döwletiň geçirýän ykdysady syýasatynyň möhüm düzüm bölegidir. Salgyt syýasaty – bu salgytlaryň üsti bilen döwletiň öz öňünde duran maksatlaryny amala aşyrmagyň ugurlarydyr. Ondan başga, salgyt syýasaty – bu salgytlaryň üsti bilen ykdysadyýeti kadalaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreleriň toplumydyr. Umuman aýdanyňda, Türkmenistanda geçirilýän salgyt syýasaty – bu Türkmenistanyň döwlet býujetine ýygnalýan salgytlaryň ulgamyny, salgytlaryň umumy ýörelgelerini, salgytlary tölemek boýunça umumy ýörelgelerini, salgytlary tölemek boýunça borçlaryň ýüze çykmagynyň (üýtgemeginiň, bes edilmeginiň) esaslaryny we bu borçlaryň ýerine ýetirilişiniň tertibini, salgyt töleýjileriň we salgyt gullugynyň guramalarynyň hukuklaryny we borçlaryny, salgyt gözegçiliginiň görnüşlerini we usullaryny, Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň bozulmalary üçin jogapkärçiligi, salgyt gullugy guramalaryň kararlaryna we olaryň jogapkär işgärleriniň hereketlerine şikaýat edilişini kesgitleýän çäreleriň jemidir.

Döwlet häkimiýeti we ykdysady guramalary tarapyndan kesgitlenilýän salgyt çaklamasy, olaryň kadalaşdyrmasy we salgyt gözegçiligi babatynda dolandyryş çözgütleriniň jemi döwlet salgyt syýasatynyň özenini düzýär. Salgyt syýasaty – bu belli bir maksatlara ýetmek üçin döwlet tarapyndan geçirilýän salgyt çäreleriniň toplumydyr, berilýän salgyt ýeňillikleri bolsa, salgyt syýasatyny ýüze çykarýar, ony aýan edýär. Ýurtda geçirilýän salgyt syýasaty döwletiň ykdysadyýete täsir edişiniň derejesini, häsiýetini we maksatlaryny kesgitleýär. Salgyt syýasaty döw-letiň salgytlar babatynda geçirýän çäreler ulgamyny takyklaýar we salgyt syýasaty döwletiň geçirýän maliýe syýasatynyň düzüm bölegidir.

Türkmenistanyň salgyt ulgamynyň emele gelmegi hereket edýän kanunçylyk we kadalaşdyryş binýadynyň hemişe kämilleşmeginiň we üýtgemeginiň üsti bilen hasyl bolup, bu Türkmenistanyň, özygtyýarly döwlet hökmünde bazar gatnaşyklary ulgamyna girmegi bilen baglanyşyklydyr.

Abdykerim Muhanow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň kafedra müdiri, ykdysady ylymlaryň kandidaty.